Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Orsýete garşy täze sanksiýa giriziler


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Manila, 28-nji aprel, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Manila, 28-nji aprel, 2014.

Amerikanyň prezidenti Barak Obama Ukrainadaky krizisi jylawlamaga gönükdirilen halkara ylalaşygy goldamaýanlygy sebäpli Orsýete temmi bermek üçin täze sanksiýalaryň giriziljekdigini aýtdy.

Onuň Filippine eden sapary wagtynda aýtmagyna görä, bu sanksiýalarda nyşana alnan - käbir adamlar, kompaniýalar, şeýle hem Orsýete edilýän ýokary tehnologiýaly harytlaryň eksporty bolar.

Sanawy giňeltmek

"Biz sanksiýalar bilen nyşana alynjak adamlaryň we kompaniýalaryň giňeldilen sanawyny girizeris. Bular nyşana alnar, şol bir wagtyň özünde hem Orsýete edilýän ýokary tehnologiýaly goranyş eksport harytlarynyň käbirini-de gözden geçireris. Biz bular ýaly ýagdaýda bu eksportlary amatly hasaplamaýarys" diýip, prezident Obama Manilada geçen bir metbugat ýygnagynda aýtdy.

Amerikan prezidenti Ukraina krizisini parahatçylykly çözmek üçin Moskwanyň öňünde ýol bar, ýöne ol şu wagta çenli bu ugurda hereket edenok diýdi: "Muny çözmek üçin ýol bar, ýöne Orsýet bu ýoly saýlap tutanok. Bu sanksiýalar nobatdaky tapgyr, Orsýete edýän hereketlerini üýtgetdirmk üçin edilýän synanyşyk".

Obamanyň bellemegine görä, Moskwa Ukraina garşy gönükdirilen agressiýasyny dowam etdiren halatynda sanksiýalaryň indiki tapgyrynda Orsýetiň bank we goranyş ulgamynyň hem nyşana alynmagy mümkin: "Biz bu işleriň netije berip-bermejegini bilemzok. Şol sebäpden Orsýetiň Ukraina garşy agressiýasyny gören halatymyzda indiki tapgyrda belli sektorlaryň nyşana alynmagy mümkin, mysal üçin bank ýa goranyş senagaty, bu giň gerimli bolar".

ÝB-niň sanksiýalary

Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlary hem täze sanksiýalar hakda pikir alyşmak üçin 28-nji aprelde duşuşýarlar.

Bu aralykda orsýetçi ýaragly separatistler 28-nji aprelde gündogar Ukrainanyň Konstantinowka şäherinde bir polisiýa edarasy bilen şäheriň dolandyryş karargähini eýelediler.

Donetsk regionynyň administrasiýasynyň sözçüsi Ilýa Suzdaliýew, gündogar Ukrainanyň eýelenen beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Konstantinowkadaky separatistleriň hem Ukrainadan bölünip aýrylmak we federal hökümet sistemasy barada referendum geçirilmegini talap edýändiklerini aýtdy.

Tassyklanmadyk habarlarda ýaragly toparlaryň Konstantinowka şäheriniň merkezini hem eýländigi aýdylýar. 100 müň ilatly bu şäher Donetsk şäheriniň takmynan 60 kilometrliginde ýerleşýär.

Orsýetçi separatistler gündogar Ukrainanyň ençeme şäherinde hökümet binalaryny eýelediler.

"Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk" guramasynyň 7 sany gözegçisi Slawýansk şäherinde şindi-de ýaragly orsýetçi toparlaryň elinde. 27-nji aprelde separatistler olary dünýä mediasyna "uruş ýesirleri" we "NATO-nyň içalylary" diýip görkezdiler.

Bu guramanyň bir gözegçisi saglyk ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli boşadyldy.

28-nji aprelde Germaniýa Moskwany öz täsirinden peýdalanyp, gözegçileriň boşadylmagyny üpjün etmäge çagyrdy. Saklanýan gözegçileriň dördüsi germaniýaly.

Kansler Angela Merkeliň sözçüsi Steffen Seibert Berliniň bu toparyň saklanmagyny ýazgarýandygyny belläp, bu işi "kanuna ters we aklap bolmajak" hereket diýip häsiýetlendirdi.

"Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk" guramasyna degişli bir topar häzir Slawýanskda bolup, gözegçileriň boşadylmagy üçin separatistler bilen gepleşik geçirmäge synanyşýar.

Bu aralykda Birleşen Ştatlar Orsýetň prezident Putin bilen ilteşikli 7 sany hökümet işgärine we 17 kompaniýanyň garşysyna sanksiýa girizendigini yglan etdi.

Ak tamyň beýannamasynda aýdylyşyna görä, bu çäreler baýlyklaryň doňdurylmagy, Amerika girmek üçin wiza gadagançylygyny we nyşana alnan kompaniýalar üçin hem goşmaça rugsatnama çäklendirmeleri ýaly çäreleri öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG