Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Täze kanun we türkmen migrantlary


Türkmen zenanlary.
Türkmen zenanlary.
Türkiýede daşary ýurtlulary öz içine alýan täze kanun çykdy. Bu kanunda Türkiýede bikanun ýaşaýan zähmet migrantlary barada hem dürli maddalar bar. Türkiýe, türkmenistanly migrantlaryň hem köpçülikde ýerleşýän ýurdy bolansoň, bu kanun barada türkmenistanlylaryň arasynda hem dürli soraglar bar.

Täze kanun çykdymy? Kanunda bikanun migrantlar barada näme diýilýär? Deport edilermi ýa olaryň günäsi geçilermi? Deport edilse, nähili jeza tölemeli edilerler? Bikanun migrantlaryň Türkiýäni terk edensoň yzyna gaýdyp gelmek mümkinçiligi barmy?

Şonuň ýaly soraglar bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutýan türkmenistanlylaryň hem sany soňky döwürler barha artýar. Bu ýagdaýlary göz öünde tutup, Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sanynda ynha şu tema hakda gürrüň ederis.

Eger siziň hem soragyňyz bolsa, soragyňyzy aşakdaky forumda galdyryň ýa soragyňyzy bize hat@azatradio.org e-mail adresi arkaly ugradyň. Gelen soraglaryň ählisine degişli bilermenden jogap almaga synanyşarys.
XS
SM
MD
LG