Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Iki partlamada 10 adam öldi


Howpsuzlyk we medisina resmileriniň aýtmagyna görä, 29-njy aprelde Bagdaddan demirgazyk-gündogar tarapda ýerleşýän Saadiýah şäherinde bolan iki partlama zerarly azyndan 10 adam heläk bolupdyr we 20 adam ýaralanypdyr.

Saadiýah Kürdistan awtonom regionynyň öz düzümine goşmaga çalyşýan Yragyň dawaly giňişliginde ýerleşýär. Bagdad muňa garşy çykyş edýär.

Saadiýahda bolan bomba partlamalary golaýdaky Khanakin şäheriniň ýanynda öz janyndan geçen hüjümçiniň 30 adamy öldürmeginden bir gün geçensoň amala aşyryldy. 30-njy aprelde Yrakda 2010-njy ýyldan bäri ilkinji parlament saýlawlary geçiriler.

Yrak iň gan döküşikli döwri başdan geçirýär, diňe şu ýylyň başyndan bäri 3000 golaý adam wepat boldy.
XS
SM
MD
LG