Sepleriň elýeterliligi

ÝB 15 adama garşy sanksiýa girizdi


Ýewropa Bileleşigi Ukrainadaky krizisde rol oýnamagy sebäpli täze sanksiýalara sezewar edilen 15 adamyň adyny yglan etdi.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat-wekili Maýa Koçiýançiç Reýters agentligine şeýle diýdi: “ÝB çäklendiriji çärelere sezewar edilýänleriň hataryna goşmaça 15 adamyň adyny goşmak kararyna geldi. Bu adamlar Ukrainanyň territorial bütewiligine, özbaşdaklygyna we garaşsyzlygyna garşy hereketlere jogapkär”.

29-njy aprelde ýaýradylan sanaw Orsýetiň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowyň we Orsýetiň Harby razwedka agentliginiň başlygy diýip tanadylan general-leýtenant Igor Sergunyň adyny öz içine alýar.

Orsýetiň hökümet baştutanynyň orunbasary Dmitry Kozak, Krymyň we Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk şäherleriniň Orsýete tarapdar separatistleriň liderleri hem sanawa girizildi. Şeýle-de prezident Wladimir Putiniň Krym boýunça ýörite wekili Oleg Belawentsewiň we Orsýetiň hökümetiniň Krym boýunça ýakynda bellenen ministri Oleg Sawelýewiň atlary hem sanawda görkezilýär.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katrin Aşton sanksiýalar sanawynyň çap edilmegi bilen baglylykda eden çykyşynda “Gündogar Ukrainadaky howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyna aladalanma” bildirdi.
XS
SM
MD
LG