Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazprom: Sanksiýalar biznese zyýan ýetirip biler


Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy Günbataryň Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy bilen baglylykda girizen sanksiýalarynyň giňeldilmeginiň “Gazpromyň” biznesine we bahalaryna uly täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de kompaniýanyň 29-njy aprelde aýtmagyna görä, Kiýew bilen gazyň bahasynyň daşyndaky dawalar onuň Ukrainanyň gaz turbalary arkaly Ýewropa akdyrýan gaz eksportyna päsgel berip biler.

“Gazprom” we onuň ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli girizen sanksiýalarynyň sanawyna goşulmady. “Gazprom” Ýewropanyň gaza bolan talabynyň 30% üpjün edýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Ýaponiýa 29-njy aprelde Moskwa garşy öz sanksiýalarynyň çäginde 23 sany orsýet raýatyna wiza bermekden ýüz öwürjegini mälim etdi. Ýaponiýa göz öňünde tutulýan şahsyýetleriň atlaryny agzamady emma ýerli habar beriş serişdelerine görä, sanawda Orsýetiň hökümet resmileri görkezilýär. Bu maglumat Waşingtonyň we ÝB-niň täze sanksiýalary girizmeginiň yzýany peýda boldy.
XS
SM
MD
LG