Sepleriň elýeterliligi

Putin we Lukaşenko Ukrainany maslahat etmekçi


Ukrainadaky krizisiň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasyndaky gepleşiklerde maslahat edilmegine garaşylýar.

Bu gepleşikleriň 29-njy aprelde Minskde Ýewraziýanyň Ykdysadyýet boýunça baş geňeşiniň maslahatynda geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Putiniň we Lukaşenkonyň “daşary syýasat boýunça esasy meseleleri, şol sanda Ukrainadaky krizisi” maslahat etjekdigini aýtdy.

Lukaşenko öz çykyşlarynda Ukrainada günbatar bilen gündogaryň arasyndaky bölünişige garşy çykyş etdi. Şeýle-de Lukaşenko Belarusyň Orsýet bilen berk ýaranlygyny dowam etdirjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG