Sepleriň elýeterliligi

Baku: Adam hukuklaryny goraýjy tussag edildi


Azerbaýjanyň häkimiýetleri ýurduň abraýly adam hukuklaryny goraýjy aktiwisti Leýla Ýunusy we onuň adamsy Arif Ýunusy sakladylar. Ýunus Doha syýahata gitmekçi bolupdy.

Ýunusyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleriniň agentleri onuň ýurduň daşyna gidip bilmeýändigini aýdypdyrlar. “Olar biziň nämede günäkärlenýändigimiz barada hem düşündirmediler. Olar bize hiç hili dokument görkezmediler”, diýip Leýla Ýunus 29-njy aprelde žurnalistlere aýtdy.

Ýunus Bakuda ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk “Parahatçylyk we demokratiýa institutynyň esaslandyryjysy we müdiri. Ol ençeme ýylyň dowamynda ermenistanly kärdeşleri bilen ýüzbe-ýüz diplomatiýa işlerine aktiw gatnaşypdy.

“HRW” guramasy 29-njy aprelde eden beýannamasynda Leýla we Arif Ýunusyň daşary ýurtlara syýahat etmegine hiç hili päsgelçilik bolmaly däl diýip belledi.
XS
SM
MD
LG