Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: 1-nji iýuldan benzin mugt bolmaz


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň hususy ulag eýelerine her aýda mugt berilýän benzini ýatyrmak barada karara gol çekdi.

2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanda hususy ulaglaryň eýelerine her aýda 120 litr möçberde mugt ýangyç berilýärdi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň 29-njy aprelde milli habar beriş serişdelerinde çap edilen bu kararynda mugt ýangyjyň ýatyrylmagynyň “milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşine, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyna we Türkmenistanyň içerki bazarynda nebit önümleriniň dolanyşygyny tertipleşdirmäge” ýardam berjekdigi aýdyldy.

Türkmenistanyň raýatlary tebigy gazdan, suwdan we elektrik togundan mugt peýdalanýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjylar dünýäde tebigy gaz baýlygy boýunça dördünji ýerde duran Türkmenistana iň üzňe we repressiw ýurtlaryň biri hökmünde garaýarlar.
XS
SM
MD
LG