Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi täze sanksiýalary girizdi


 Orsýetiň baş ştabynyň başlygy general Waleriý Gerasimow.
Orsýetiň baş ştabynyň başlygy general Waleriý Gerasimow.
Ýewropa Bileleşigi Ukrainadaky krizisde oýnan rollary sebäpli garşysyna sanksiýalar girizilen 15 sany täze adamynyň adyny yglan etdi.

Netijede, 29-njy aprelde ýaýradylan sanawy hem hasaba alsaň, onda baýlyklary doňdurylan we Ýewropa Bileleşigine girmek gadagan edilen adamlaryň sany 48-e ýetdi.

Sanksiýalaryň täze sanawy Orsýetiň baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow bilen Orsýetiň Harby aňtaw gullugynyň (HAG) başlygy diýip tanalýan general-leýtenant Igor Sergunyň adyny hem öz içine alýar.

Sanawda Ukrainanyň Slawýansk şäherinde bolan soňky hadysalara gatnaşan Igor Strelkowyň-da ady bar. Ýewropa Bileleşiginiň aýtmagyna görä, Strelkow Orsýetiň Harby aňtaw gullugynyň ofiseri.

Sanksiýa sezewar edilen adamlaryň arasynda Orsýetiň hökümet baştutanynyň orunbasary Dmitriý Kozagyň hem ady görkezilipdir. Sanawa Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi ugrundaky işlere gatnaşan, mysal üçin, Sewastopolyň häkimi Sergeý Menýailo, prezident Putiniň Krym boýunça ýörite wekili Oleg Belawentsow we ors hökümetiniň Krym işleri boýunça ministri Oleg Sawelýew ýaly adamlaryň hem ady girizilipdir.

Gara sanawa girizilen aýallar

Ýewropa Bileleşigi iki aýaly hem gara sanawa alypdyr. Bularyň biri Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň agzasy, anneksirlenen Awtonom Krym Respublikasyndan bolan Olga Kowatidi, beýlekisi bolsa Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygynyň orunbasary Lýudmila Şwetsowa.

Moskwa bu sanawa Ýewropa Bileleşigi "utanmaly", sanksiýalar Ukrainadaky gowşak ýagdaýyň durnuklaşmagyna kömek etmez diýip, reaksiýa bildirdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 29-nji aprelde ýaýradylan beýannamasynda Ýewropa Bileleşigi Waşingtonyň basgysy astynda diýip aýyplanýar.

29-njy aprelde Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkow sanksiýalaryň ýurduň ýokary tehnologiýaly senagatyna oňaýsyz täsir etjekdigini boýun aldy.

“Eýran Tutusy”

Ryabkow: "Bu günbatar ýurtlarynyň aralykda 'Eýran Tutusyny' çekip, ýokary tehnologiýaly harytlaryň Sowet Soýuzyna we beýleki ýurtlara iberilmegini kesmek bilen, 1949-njy ýylda döreden sistemasynyň täzeden dikeldilmegi" diýdi.

Ryabkowyň aýtmagyna görä, Moskwa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edensoň indi Ukrainanyň günorta-gündogar bölegini hem alar diýip gorkmaga Günbatar üçin hiç bir sebäp ýok.

Birleşen Ştatlaryň 28-nji aprelde girizen giňişleýin sanksiýalar sanawy ors prezidenti Putiniň ýakyn töweregine degişli adamlary öz içine alsa, Ýewropa Bileleşiginiň täze sanksiýalarynda nyşana alynýanlar köplenç derejesi pesräk adamlar. Ýewropa Bileleşiginiň sanawy Krym we gündogar ukrain şäherlerindäki orsýetçi separatistleriň ýolbaşçylaryny-da öz içine alýar.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň sözçüsi Maýa Koçiýançiç Bileleşigiň baýlyklary doňdurmak, orsýetli we ukrainaly käbir adamlara wiza bermezlik karary barada 29-njy aprelde Brýusselde şeýle diýdi: "Agza döwletler bu sanksiýalary biragyzdan kabul etdiler. Bular agza döwletler tarapyndan ýerine ýetirilýär. Bu biziň häzirki krizisi çözmek üçin ulanýan köp sanly çärelerimiziň hataryndaky syýasy gurallaryň biri".
XS
SM
MD
LG