Sepleriň elýeterliligi

​Yrak: Saýlawda partlamalar boldy


Yragyň demirgazygyndaky saýlaw merkeziniň golaýynda bombanyň partladylmagy netijesinde iki aýal öldi. Şeýle-de, Bagdadyň günbataryndaky saýlaw merkeziniň golaýynda ýerleşdirilen iki minomýot partlady. Bu wakalar ýurtda 30-njy aprelde geçirilýän parlament saýlawlary üçin yraklylar ses bermäge başlanyndan gysga wagt soň boldy.

Iki aýalyň ölmegine sebäp bolan bomba hüjümi Kirkugyň golaýyndaky Dibs obasynda bolup geçdi.

Şeýle-de, söweşijiler Yragyň demirgazygyndaky beýleki bir saýlaw merkezini hem ele geçirdiler. Olar bu merkeze partladyjy serişdeleri ýerleşdirip, ony ýumurmazdan ozal saýlaw kampaniýasynyň işgärlerini we ses berijileri binadan çykardylar.

Yragyň Anbar welaýatyndaky berk howpsuzlyk çärelerine garamazdan, saýlaw kampaniýalary terrorçylyk hüjümlerden we hökümet güýçleri bilen söweşijileriň arasynda bolan çaknyşyklardan ejir çekdi.

Yragyň saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, Anbar welaýatynyň diňe 70%-de ses berişlik geçiriler.
XS
SM
MD
LG