Sepleriň elýeterliligi

​Eýran Hytaý bilen $2,5 ylalaşygy togtatdy


Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Tähran Hytaýyň döwlet nebit kompaniýasy bilen baglaşan 2,5 milliard amerikan dollaryna barabar ylalaşygy goýbolsun edýär. Eýran munuň sebäbini Hytaýyň ylalaşyk borçnamalaryny gijikdirmegi bilen düşündirýär.

30-njy aprelde ýaýradylan maglumatda şu ýylyň başynda Eýranyň nebit-gaz ministrliginiň Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna duýduryş berendigi bellenilýär. Bu duýduryşda Eýranyň günorta-günbataryndaky Azadegan nebit ýatagyny özleşdirmek üçin 2009-njy ýylda Tähran bilen Pekiniň arasynda baglaşylan ylalaşygyň şertlerinden Hytaý boýun gaçyrýar diýilýär.

Eýranyň nebit-gaz ministrligi gürrüňi edilýän borçnamalary ýerine ýetirmegi üçin Hytaý firmasyna 90 gün berýändigini aýtdy.

Ministrligiň maglumatynda bu mesele barada Hytaý firmasy degerli ädim ätmekde şowsuz bolany sebäpli, Eýran resmileriniň proýekti togtadandygy bellenilýär.

Bu barada henize çenli Hytaý döwlet firmasy ýa-da Pekiniň resmileri tarapyndan köpçülige maglumat ýaýradylmady.
XS
SM
MD
LG