Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IMF: Rus ykdysadyýeti çökgünlilikde


Halkara walýuta fondy (IMF) Ukraina krizisi sebäpli Russiýadan maýa serişdeleriň köpçülikleýin daşary çykarylmagyndan ýurduň ykdysadyýeti ejir çekýän mahaly Moskwanyň çökgünlige uçraýandygyny habar berýär.

Halkara walýuta fondunyň ykdysadyýetçisi we bu fonduň Russiýadaky missiýasynyň başlygy Antonio Spilimbergo bu barada 30-njy aprelde Moskwada žurnalistlere habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Halkara walýuta fondy Russiýa üçin 2014-nji ýyl boýunça ösüş çaklamalaryny 1,3%-den 0,2%-e düşürdi we şu ýylyň dowamynda takmynan 100 milliard amerikan dollaryň ýurduň daşyna çykarylmagyna garaşylýar.

Spilimbergo Ukrainadaky krizis we Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi bilen baglanyşykly Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalaryň eýýäm rus ykdysadyýetine zeper ýetirýändigini we ol ýere maýa goýmaga howp abandyrýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG