Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkiýe: Gülene garşy derňewler başladyldy


Türk metbugaty hökümeti agdarmaga synanyşmak aýyplamalary bilen yslamçy ruhany Fethullah Gülene garşy Türkiýäniň prokurorlarynyň jenaýat derňewlerini başladandygyny habar berýär. Gülen häzirki wagt Birleşen Ştatlarda ýaşaýar.

Bu maglumatlar Birleşen Ştatlaryndan Güleni ekstradisiýa etmegi sorajakdygy barada premýer-ministr Taýyp Erdoganyň aýdan sözlerinden bir gün soň, 30-njy aprelde peýda boldy.

Güleniň tarapdarlary ruhany diňe Türkiýe tussag etmek barada karar çykarandan we aýyplanýan jenaýatlar barada köpçülige delilleri mälim edilenden soň, ekstradisiýa edilip bilner diýdiler. Güleniň tarapdarlarynyň sany millionlarçadyr.
XS
SM
MD
LG