Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: “Söweşe doly taýýar”


Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti 30-njy aprelde eden çykyşynda Ukrainanyň armiýasy “söweşe doly taýýar” diýdi. Oleksandr Turçinowyň bu çykyşy Russiýa tarapdary separatistleriň ýurduň gündogaryndaky ýene bir şäheriň hökümet jaýlaryny ele geçiren mahalyna gabat geldi.

Oleksandr Turçinow Kiýewde ýurduň ministrleri bilen geçiren ýygnagynda “Ukrainanyň topraklaryna garşy urşa başlamak baradaky Russiýanyň haýbatlarynyň çynlakaýdygyny” aýdyp, “biziň ýaragly güýçlerimiz söweşe doly taýýar” diýdi.

Turçinowyň bu beýanaty 30-njy aprelde Russiýa tarapdary söweşijileriň ýurduň Horliwka şäherindäki polisiýa merkezlerini we hökümet jaýlaryny ele geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Bu wakada ýaralananlaryň bolup-bolmandygy barada henize çenli maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG