Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Gözegçilikde galdyrylýar


Türkmenistan. Ýol ýakasynda satylýan aýdym-saz ýazgylary

Türkmenistan. Ýol ýakasynda satylýan aýdym-saz ýazgylary

Türkmenistan 2014-nji ýylda hem Birleşen Ştatlaryň Intellektual emläk hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça Gözegçilik sanawynda galdyryldy.

Birleşen Ştatlaryň Söwda wekilçiligi edarasy Intellektual emläk hukuklary boýunça ýyllyk “Special 301” hasabatyny çap etdi.

Bu hasabat Birleşen Ştatlaryň söwda partnýorlarynyň intellektual emläk hukuklarynyň goragyny üpjün etmek maksady bilen 25 ýyl bäri çap edilýär we onda Söwda wekilçiligi ýylda dünýä boýunça Intellektual emläk hukuklarynyň goragynyň berjaý edilişine syn berýär.

2014-nji ýylyň «Ýörite 301» hasabatynda Hindistanda we beýleki bazarlarda intellektual emläk hukuklary babatda barha köpelýän aladalara, Hytaýda we beýleki täze döreýän bazarlarda söwda syrlarynyň goragynyň üpjün edilmegi babatdaky aladalara üns berlipdir.

Birleşen Ştatlaryň awtorlyk we patent hukuklaryny düzüwli gorap bilmedik ýurtlaryň arasynda Orsýet, Pakistan ýaly ýurtlar hem agzalýar we olaryň durumy öňki ýyllaryň synyndaky ýagdaýyndan üýtgedilmän galdyrylypdyr. Ýöne bu ýylyň hasabatynda Italiýa we Filippinler, Ysraýyl, intellektual emläk hukuklarynyň goragyny üpjün etmekdäki ilerlemeleri üçin, Gözegçilik sanawyndan aýrylypdyr.

Has anygy, 2014-nji ýylyň hasabatynda 82 söwda partnýoryna syn berlip, 37 ýurt gözegçilik sanawynda goýuldy. Olardan 10 ýurt Aýratyn gözegçilik sanawynda, 27 ýurt bolsa ýöne Gözegçilik sanawynda galdyrylypdyr.

Aýratyn Gözegçilik sanawy

Aýratyn gözegçilik sanawynda galdyrylan ýurtlar intellektual emläk hukuklarynyň goragyny üpjün etmekde has alada döredýän ýurtlar bolup durýar. Olar Alžir, Argentina, Çili, Hytaý, Hindistan, Indoneziýa, Pakistan, Orsýet, Taýland we Wenezuela. Bu ýurtlar gelýän ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn aýratyn we yzygider seljermeleriň obýekti bolar.

Söwda partnýorlarynyň Gözegçilik sanawyna girizilen 27 ýurduň arasynda Barbados, Belarus, Boliwiýa, Brazil, Bolgariýa, Türkiýe, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistan hem bar.

Türkmenistan Gözegçilik sanawynda

Hasabatyň «Türkmenistan» bölüminde onuň bu ýyl hem Gözegçilik sanawynda galdyrylandygy aýdylýar.

Türkmenistan 2012-nji ýylda intellektual emläk hukuklarynyň goragyny berkitmek maksady bilen Awtorlyk hukuklary barada kanun kabul etdi we Graždan kodeksine düzediş girizdi. Emma muňa garamazdan, hasabatda Türkmenistanyň intellektual emläk hukuklarynyň goragyny üpjün etmek üçin netijeli adminstratiw, raýat we jenaýat proseduralaryny ýa-da jerimelerini ýola goýmandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlar Türkmenistany şunuň ýaly durmuşa geçiriş proseduralaryny ýola goýmaga çagyrýar.

Mundanam başga, Birleşen Ştatlar Türkmenistany edebiýat we sungat işleriniň goragy boýunça Berne konwensiýasyna, şeýle-de, prodýuserleriň ses ýazgylarynyň goragyny üpjün etmek üçin, olaryň fonogrammalarynyň ygtyýar berilmezden dublirlenmegine garşy Ženewa konwensiýasyna goşulmaga çagyrýar.

Hasabatda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistan bilen şu we beýleki meselelerde işleşmegi dowam etdirmek isleýändigi hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG