Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​IMF Ukraina $17 milliard berýär


Halkara walýuta fondy (IMF) Ukraina 17 milliard amerikan dollary möçberinde iki ýyllyk ýardam programmany bermegi tassyklady. Bu ädim ukrain ykdysadyýetiniň galkynmagyna hemaýat bermek we onuň boşan gaznasyny doldurmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Bu fonduň ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan 30-njy aprelde gelnen karara laýyklykda 3,2 milliard amerikan dollary gyssagly Kiýew hökümetine bölünip berler.

Şeýle-de, gürrüňi edilýän 17 milliard amerikan dollary möçberindäki ýardam ylalaşygy Ukrainanyň Dünýä bankyndan, Ýewropa Bileleşiginden we beýleki donorlardan 10 milliard amerikan dollaryndan gowrak kömek almagyna mümkinçilik berýär.

Ukrain resmileri ýurduň ykdysadyýetiniň şu ýylyň dowamynda 3% pese gaçjaga çalym edýändigini aýdýarlar. Bu aralykda Halkara walýuta fondy bolsa, ukrain ykdysadyýetiniň 5% töweregi pese gaçmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG