Sepleriň elýeterliligi

​Owgan şahtasyndaky partlamada 17 adam öldi


Owganystanyň demirgazygyndaky kömür käninde bolan partlamada azyndan 17 magdançy öldi.

Ýurduň resmileri Samangan welaýatynyň Dar-e-Sof etrabyndaky şahtada bolan partlamadan soň, başga-da üç adamdan heniz hem habar ýok diýýärler.

Samangan welaýat hakimi Haýrullah Anuşyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, şahtadaky gazuw-agtaryş işleri Fatuhallah Karbalaý tarapyndan alnyp barylyp, ol häzirki wagt gürrüňi edilýän territoriýadan gaçypdyr.

Anuşyň sözlerine görä, Karbalaý sorag edilmek üçin ýurduň polisiýasy tarapyndan gözlenilýär. Gazuw-agtaryş işleri geçirilýän territoriýadaky inženerleriň resmilere beren maglumatyna görä, Karbalaý şahtada partlamanyň bolup biljekdigi we howpsuzlyk aladalary barada 29-njy aprelde inženerleriň beren duýduryşyna üns bermändir.
XS
SM
MD
LG