Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Eýran: Musawi öý tussaglygynda


Eýranyň oppozision lideri Mir Hossein Musawi ýürek näsazlyklary bilen baglanyşykly keselhana ýerleşdirilenden bir gün soň, gaýtadan öý tussaglygyna geçirildi.

Musawa ýakyn hasaplanylýan “Kalame” atly oppozision websahypanyň maglumatynda oppozisiýa wekiliniň öý tussaglygyna geçirilmezden öň, ýürek proseduralary bilen ilteşikli barlaglardan geçendigini habar berýär. Musawi 2011-nji ýylyň fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanylýar.

Musawi bilen keselhanada duşuşan gyzy “Twitter” sosial ulgamynda ýazan hatynda kakasynyň saglyk ýagdaýynyň heniz hem çynlakaý “howp astyndadygyny” aýdýar.

“Kalame” websahypasynyň berýän maglumatyna görä, mundan ençeme aý öň doktorlar Musawiniň saglyk bejergisiniň gyssagly amala aşyrylmalydygyny mälim edipdirler, emma resmiler muny ret edipdir.
XS
SM
MD
LG