Sepleriň elýeterliligi

​Türkiýe: Polisiýa protestçileri yzyna gaýtardy


Türkiýäniň polisiýasy Stambulyň Taksim meýdanyndaky demonstrasiýalar bilen ilteşikli “Maý güni” gadagançylygyny gorap çykyş etmäge synanyşan müňlerçe protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan aktiwistleriň Taksimda duşuşmak baradaky “umytlaryndan yza gaýtmaklary” üçin geçen hepde duýduryş beripdi. Ýöne aktiwistler we çepçi bileleşikler bu gadagançylygy äsgermezlige wada beripdiler.

1-nji maýda protestçiler simwolik meýdana tarap ugrukdyrýan barrikadalary böwüsmäge synanyşan mahaly ýüzlerçe polisiýa işgäri demonstrantlara tarap ýöredi. Soňra polisiýa protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandylar.

Tutuş Stambulyň çäginde 40 müň çemesi polisiýa ofiseri, şeýle-de suw toplary üçin ulanylýan onlarça ýük we ýaragly ulaglar ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG