Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa ÝHHG-li gepleşiklere çagyrýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň goldamagynda Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Russiýa tarapdary protestçiler bilen Kiýewiň arasynda gepleşikleri geçirmäge çagyryş etdi.

Lawrow Peru respublikasyna edýän saparynyň çäginde “Russiýa-24” telekanalyna beren maglumatynda “Russiýa ÝHHG-nyň arka durmagynda Kiýewiň resmileri we onuň ýurduň beýleki regionlaryndaky garşydaşlarynyň arasynda gepleşikleriň geçirilip boljakdygyna ynanýar” diýdi.

Ukraina Russiýany ýurduň gündogaryndaky ondan gowrak şäheri we obany eýelän Russiýa tarapdary separatistleriň amala aşyrýan hereketiniň arkasynda bolmakda aýyplaýar.

Bu aralykda Ukrainanyň resmileri 1-nji maýda Russiýanyň Kiýewdäki harby ataşesini içalyçylyk aýyplamalary bilen tussag etdi we diplomatyň ýurdy terk etmegi üçin tabşyryk berdi.
XS
SM
MD
LG