Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene "ýamanyň ýamany"


"Watan" gazetiniň 1-nji sahypasy
"Watan" gazetiniň 1-nji sahypasy
Freedom House guramasynyň soňky hasabatyna görä, Ýewraziýa ýurtlary metbugat azatlygy boýunça iň yzdaky derejeleri aldy we olaryň içinde hiç biri «azat» diýen baha mynasyp bolmady.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasy 1-nji maýa gabatlap çykaran metbugat azatlygy hasabatyny 197 ýurduň we territoriýanyň çäginde geçirilen barlag esasynda taýýarlady.

Hasabatda Orsýetdäki şertleriň ýaramazdygy, RIA Novosti habar gullugynyň ýapylandygy we hökümetiň internetdäki söz azatlygyna goşmaça kanun çäklendirmelerini girizendigi aýdylýar.

Hasabat Orsýetiň ýerli media berk gözegçiligi ýola goýandygyny, şol bir wagtda bloglarda we daşary ýurt habar çeşmelerinde peýda bolýan has erkin pikirlere hem kontrolluk etmäge çalyşýandygyny belleýär.

Ukraina "azat däl" boldy

Ukraina, esasan Ýewromaýdan protestlerini beýan edýän žurnalistlere edilen hüjümler zerarly, 2013-nji ýylda «azat däl» ýurtlaryň sanawyna girizildi.

«2014-nji ýylyň metbugat azatlygy» hasabatynyň proekt direktory Karin Karlekar Ukrainadaky esasy syýasy wakalary beýan etmäge çalyşýan žurnalistlere garşy fiziki zorlugyň we hüjümleriň görnetin ýokary galandygyny aýtdy.

Türkmenistan iň yzky sekizlikde

Belarus, Türkmenistan, Özbegistan we Eýran dünýäniň metbugat azatlygy boýunça iň pes baha alan sekiz ýurdunyň arasynda agzalýar.

Karlekar Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýagdaý barada hususan-da şeýle diýdi:

"Merkezi Aziýada ýagdaý umuman alnanda örän ýaramazlygyna galýar. Bäş ýurtdan ikisi, Türkmenistan we Özbegistan «ýamanyň ýamany» diýen kategoriýada dur. Gazagystanyň we Täjigistanyň alan bahalary hem ýaramaz. Şeýlelikde, mu ýurtlardaky metbugat şertleri juda çäklendirilen we ýagdaý ýaramazlaşýar."

Karlekar bu ýurtlarda islendik görnüşdäki garaşsyz sesiň berk döwlet repressiýasy we basyp ýatyrma bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Gyrgyz aýratynlygy

Emma hasabatda, «azat däl» diýen baha berlendigine garamazdan, Gyrgyzystandaky oňyn ösüşler taryp edilýär.

Karlekar Gyrgyzystanda 2013-nji ýylyň dowamynda metbugata garşy fiziki hüjümleriň we çäklendiriji kanunlaryň ulanylyşynyň azalandygyny aýtdy.

Hasabatda Azerbaýjanyň ozaldan hem repressiw media şertleriniň, hökümetiň žurnalistlere we blogçylara internet we telefon aragatnaşygy gözegçiligini güýçlendirmegi zerarly, has ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda Azerbaýjanda internet azatlygyny çäklendirmek üçin başga-da çäreleriň görlendigi bellenilýär.

Azatlyk öýi guramasynyň täze çap eden Metbugat azatlygy hasabatynda Ýewraziýanyň diňe iki ýurdy, Gürjüstan bilen Moldowa «bölekleýin azat» diýen baha mynasyp boldy.
XS
SM
MD
LG