Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan din taýdan alada döredýär


ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň resmi websaýtyndan alnan şekil.
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň resmi websaýtyndan alnan şekil.
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy 30-njy aprelde ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. 15-nji gezek çap edilen bu raportda Döwlet deprtamentine dünýäde din azatlygyny depelemekde ýakasyny tanadan “aýratyn aladalanma döredýän” ýurtlaryň sanawyna ýene sekiz ýurdy, şol sanda Türkmenistany goşmagy maslahat berdi.

Dine basyş saklanýar

Hasabatda Türkmenistanda din azatlygynyň gödek depelenmeginiň saklanyp galýandygy, 2007-nji ýylda ýurtda amala aşyrylan çäkli reformalara garamazdan, kanunlaryň, polisiýanyň we iş ýüzündäki hereketleriň halkara normalary, şol sanda din aztalygyna degişli normalary depeleýändigi bellenilýär. “Din boýunça 2003-nji ýylyň repressiw kanuny güýjünde galýar we ol ähli dini toparlar üçin uly kynçylyk döredýär” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda 2013-2014-nji ýyllarda dini we adam hukuklaryny goraýjy işler bilen meşgullanýanlara edilen basyşlar we hökümet tarapyndan edilen gözegçilik bilen bagly ýüze çykan wakalar barada jikme-jik maglmatlar berilýär, hususan-da Türkmenistanyň gizlin polisiýasynyň, terrorçylyga garşy göreş boýunça gulluklarynyň we ýerli häkimiýetleriň hasaba alnan we alynmadyk dini guramalaryň üstüne öz reýdlerini, ýagny sürünmeklerini dowam etdirendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy 1998-nji ýylda döredilip, 33 ýurtda din azatlygynyň bozulmagyny hasaba alýar we her ýurt babatynda aýratyn rekomendasiýalary berýär.

Türkmenistan boýunça rekomendasiýa

ABŞ-nyň Türkmenistan babatyndaky syýasaty üçin, hususan-da, şeýle rekomendasiýalar berilýär: Türkmenistan bilen gepleşiklerde adam hukuklary we din azatlygy meselesini gozgap, halkara standartlaryna laýyk milli kanunlaryň kabul edilmegine ündemeli; Bu meselede hasabat bermek boýunça mehanizmler işlenip düzülmeli, dini tussaglaryň azat edilmegini talap etmeli; türkmen hökümetini ýurda BMG-niň Din azatlygy boýynça ýene bir ýörite raportçysynyň barmagyna rugsat bermäge çagyrmaly; Türkmenistanda din azatlygy, adam hukuklary we esasy bilim barada radio hem internet arkaly gepleşikleri güýçlendirmeli we ýurduň onlarça ýyllyk üzňeliginden çykmagyna ýardam bermeli.

Şeýle-de ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň boýun alnan borçlaryň berjaý edilişi boýunça 2014-nji ýyla degişli ýyllyk hasabatynda “aýratyn aladalanma döredýän ýurtlaryň” sanawynda öňden bar bolan Birmany, Hytaýy, Eritreýany, Eýrany, Demirgazyk Koreýany, Saud Arabystanyny, Sudany we Özbegistany gaýtadan ozalky orunlarynda galdyrmak teklip edildi.

Hasabatda “aýratyn aladalanma döredýän” ýurtlaryň sanawyna goşmaly diýlip Türkmenistan bilen birlikde, Müsür, Yrak, Nigeriýa, Pakistan, Siriýa, Täjigistan we Wýetnam görkezilýär.
XS
SM
MD
LG