Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji iýulyndan awtoulag eýelerine berilýän mugt ýangyç normasy ýatyrylýar we bu olaryň her aýda alýan 120 litr ýangyjyny pully almaly boljagyny aňladýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda S.Nyýazowyň prezident bolan ýyllary 1 litr benziniň bahasy 2 amerikan sentine barbardy.

G.Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň fewralynda awtoulagly türkmen raýatlaryna aýda 120 litr ýangyjy mugt bermek düzgünini girizdi. Şol bir wagtda 1 litr benziniň bahasy 22 amerikan sentine barabar boldy, ýagny ençeme esse gymmatladyldy.

Indi bolsa, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, içerki bazardaky nebit önümleriniň harçlanyşyny tygşytlamak üçin, mugt ýangyç normasynyň ýatyrylýandygy habar berilýär.

Eýsem ozal ilata mugt ýangyç bermegi karar eden prezident birden näme üçin düýpden başga pikire geldi?

Ýa-da ozal ilat şeýle kömege mätäçdi-de, indi şeýle mätäçlik azaldymy ýa-da ýurtda ýangyç meselesinde kynçylyk döredimi?

Ýa-da bolmasa, mugt ýangyç normasyny ýatyrmak baradaky karar raýatlaryň durmuşyna, güzeran aladalaryna nähili täsir ýetirer?

Türkmenistanyň raýatlary mugt ýa ýeňillikli berilýän harytlaryň, önümleriň bazar nyrhlary esasynda satylmagyna taýýarmy?

Umuman ýurtdaky mugtçulyk syýasatynyň kem-kemden gowşamagy, şol bir wagtda ilatyň sosial goraglylyk şertleriniň o diýen gowulaşyp gidibermezligi barada kim näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar we aýtjak-diýjek sözi bar adamlary söhbetdeşlige goşulmaga çagyrýar. Pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG