Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Açyk gapylar güni” – näderejede açyk?


Ýokary okuwyna girmäge taýýarlyk görýän ýaşlar.
Ýokary okuwyna girmäge taýýarlyk görýän ýaşlar.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda aýry-aýrylykda her ýylyň maý aýlarynda “Açyk gapylar güni” geçirilýär. Türkmen metbugatynda berilýän maglumata görä, bu günüň çäginde ýokary okuw jaýlary özleriniň işi, ondaky okuw şertleri, fakultetdir kafedralary barada ýurduň orta mekdepleriniň uçurymlaryna maglumat berip, olary öz ýokary okuw jaýyna okuwa girmäge höweslendiryärler.

Turkmenistanda “Açyk gapylar güni” ýokary okuw jaýyna girmek isleýän ýaşlar üçin näderejede peýdaly bolyar? Mundan öň “Açyk gapylar gününe” gatnaşan ýaşlar bu çärelerde nähili tejribeleri başdan geçirdiler? Mundan beýläk şeýle çärelere gatnaşjak ýaşlar nämelere üns bermeli?

Şeýle-de şunuň ýaly çäreler dünýäniň beýleki ýokary okuw jaýlarynda hem geçirilýär. Eýsem Turkmenistanda geçirilýän açyk gapylar güni bilen daşary ýurtda geçirilýän şeýle çäreleriň arasynda nähili tapawutlar bar? Bu barada daşary ýurtlaryň tejribelerinden öwrenmeli zatlar näme?

Öňümizdäki Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Öz garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz. Isleseňiz bu meseledäki garaýyşlaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Salgymyz: hat@azatradio.org.
XS
SM
MD
LG