Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Russiýa: Parada müňlerçe adam gatnaşdy


Russiýada 1-nji maýda bellenilýän “Raýdaşlyk güni” mynasybetli on müňlerçe adam Moskwanyň merkezinde geçirilýän parada gatnaşdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri “Maý güni” parady ilkinji gezek Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirildi.

Moskwanyň polisiýasy gürrüňi edilýän parada gatnaşyjylaryň sanynyň 100 müňden gowrakdygyny çaklaýar. Bu parad Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýaniniň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Parada gatnaşanlaryň käbirleri geçen aý Ukrainanyň Krym sebitiniň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi barada prezident Wladimir Putiniň kararyny goldaýan şygarly bannerleri hem göterdiler.
XS
SM
MD
LG