Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada 1-nji maý parady geçdi


Ýörişe gatnaşanlar dürli reňkli şarlary, Russiýanyň we Sowet Soýuzynyň baýdaklaryny galgadyp geçdiler.
Ýörişe gatnaşanlar dürli reňkli şarlary, Russiýanyň we Sowet Soýuzynyň baýdaklaryny galgadyp geçdiler.
1-nji maýda geçirilýän Halkara raýdaşlyk güni mynasybetli Russiýanyň paýtagty Moskwada 10 müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda parad geçirildi.

Bu 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri, Gyzyl meýdanda maý güni mynasybetli geçirilen ilkinji parad boldy.

Halkara raýdaşlyk güni ýa-da maý baýramy diýilýän bu baýramçylyk bolşewistik rewolýusiýadan soň ornaşdyrylypdy we sowet döwründe ozalky sowet respublikalarynyň hemmesinde esasy baýramçylyklaryň biri hökmünde bellenilýärdi.

Penşenbe güni geçirilen parad, edil sowet döwründe bolşy ýaly, kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gurnaldy. Parada Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin ýolbaşçylyk etdi. Onuň sözlerinden çen tutulsa, bu çärä 100 müň töweregi adam gatnaşypdyr.

Sobýanow: “Bu ýylky Birinji maý aýratyn. 24 ýylyň içinde ilkinji gezek kärdeşler arkalyşyklary Gyzyl meýdandan ýöriş bilen geçýärler. Bu birinjiden. Ikinjiden bolsa, bu soňky ýyllarda ilkinji gezek şeýle köp adam bir çärä gatnaşýar. Bärde 100 müňden gowrak adam bar. Bu öz-özünden bolan bir hadysa däldir. Adamlaryň watançylyk duýgulary artýar. Halkyň göwni hoş” diýdi.

Ýörişe gatnaşan adamlar Gyzyl meýdandan ýöräp, ellerinde dürli reňkli şarlary, şygarlary, Russiýanyň we Sowet Soýuzynyň baýdaklaryny galgadyp geçdiler.

Ukraina

Parada Russiýanyň goňşy Ukrainada amala aşyrýan işleriniň dabaralandyrylmagy hökmünde hem garaldy.

Parada gatnaşyjylaryň käbirleriniň ellerinde “Ýörüň, Kryma dynç alyşa gideliň!” ýa-da Krymyň anneksiýa edilmeginiň dogry bir karar bolandygyny öňe sürüp, “Putin dogry edýär!” ýaly şygarlary hem görmek bolýardy.

Bu baýramçylyk çäreleri Moskwanyň we Kiýewiň gatnaşyklarynyň barha dartgynlaşýan döwrüne gabat geldi. Ukrainanyň gündogaryndaky onlarça şäherde orsýetparaz seperatistler polisiýa we hökümet binalaryny eýelediler.

Russiýanyň Kommunistik partiýasynyň lideri Gennadiý Zýuganow başga bir ýörişiň dowamynda eden çykyşynda Putiniň Ukraina boýunça edýän hereketlerini goldaýandygyny aýtdy. Ol: “Birinji we iň wajyby, geliň Sewastopolyň we Krymyň haklaryny biziň bilen bileleşip, bilelikde 1-nji maý gününi belleýändikleri bilen gutlalyň. Sewastopola we Kryma şöhrat! Ura!” diýdi.

“Interfaks” habar agentliginiň maglumatlaryna görä, Maý güni mynasybetli Russiýa boýunça geçirilen ýörişlere 2 milliondan gowrak adam gatnaşypdyr.

Krymda hem maý paradlary boldy. Anneskiýa edilen sebitiň täze rus resmileri, ýörişe 100 müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny öňe sürýärler. Bu sanlary beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Rus mediasynyň habar bermegine görä, Putin 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş baýramy güni Kryma sapar etmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG