Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

A.Baýramowa: "Model bolmagyma garşy çykyldy"


Model.
Model.
Günbatarda modeller iň köp gazanç edýän, modellik bolsa iň köp girdeji getirýän pudaklardan biri. Emma bu hünär henize çenli gündogarda, esasanda Merkezi Aziýada o diýen ösmedik.

Munuň her ýurt boýunça aýratyn sebäbi bar. Täze Tolkun gepleşigimiziň şu hepdeki sanynda bu pudagyň goňşy Azerbaýjandaky ýagdaýyna azeri modeller, ýagny 2004-nji ýylda “Best Model of Azerbayjan”, ýagny “Azerbaýjanyň iň gowy modeli” bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolan model we aktýor Ilgar Aliýew, şeýle-de ýedi ýyldan bäri modellik edýän we seriallarda oýanaýan Aýsel Baýramowa we 2013-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Ýaşlar gepleşigini taýýarlan Rena Allahwerdiýewa bilen syn etdik.

Azatlyk Radiosy: Ilgar, Aýsel we Rena, gepleşigimize hoş geldiňiz! Ilgar, ilki senden başlasak, diňleýjilerimize özüňi tanyşdyraýsaň?
Model we aktýor Ilgar Aliýew.
Model we aktýor Ilgar Aliýew.

Ilgar Aliýew: Men 2004-nji ýylda “Best Model of Azerbayjan” bäsleşigine gatnaşdym we onda birinji ýer aldym. Şondan bäri hem modellik hem-de aktýorlyk edýärin. Şu wagta çenli ençeme serialda, wideoreklamada oýnadym. Şeýle-de Türkiýe, Russiýa ýaly ýurtlarda modellik etdim.

Azatlyk Radiosy: Aýsel, sen?

Aýsel Baýramowa: Men ýedi ýyldan bäri modellik edýärin. Şeýle-de “Best Model of Azerbayjan” bäsleşigine gatnaşypdym. Ondan daşgary modellik bilen birlikde atktýorlyk edýärin we birnäçe serialda oýnadym.

Azatlyk Radiosy: Rena?

Rena Allahwerdiýewa: Men soňky üç ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynda habarçy bolup işläp, şonuň soňky 1,5 ýylynda bolsa Azeri gullugynyň Ýaşlar gepleşigini taýýarlaýardym. Häzirki wagtda ýokary bilimimi Türkiýede dowam etdirýärin.

Azatlyk Radiosy: Ilgar, ilki bilen senden başlasak, modellik etmäge haçan we nähili başlapdyň?

Ilgar Aliýew: Men ilki 2003-nji ýylda bir modellik agentstwosy bilen işleşmäge başladym. Ondan soň agentstwomyň ýolbaşçylary maňa 2004-nji ýylda geçiriljek “Best Model of Azerbayjan” bäsleşigine gatnaşmagymy maslahat berdiler. Bäsleşikde birinji orna eýe bolanymdan soň, “Best Modeliň” halkara, ýagny jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin Türkiýä gitdim. Şondan soň modellik durmuşymda üýtgeşiklikler bolup geçdi, seriallarda oýnap başladym.

Azatlyk Radiosy: Aýsel, sen modellik etmäge haçan we nähili başlapdyň?
Model we aktrisa Aýsel Baýramowa.
Model we aktrisa Aýsel Baýramowa.

Aýsel Baýramowa: Men modellik etmäge başlamazdan ozal, žurnallarda diňe ýüz bilen baglanyşykly reklamalarda suratym çap bolýardy. Men şol wagty hem bir agentstwo bilen işleşýärdim. Soňra men 2008-nji ýylda okuwy tamamlanymda, meniň joralarym-dostlarym maňa “‘Best Model of Azerbayjan’ atly bäsleşigi geçirilýär, seniň boýuň, fiziki gurluşyň modellik etmäge amatly, sen şu bäsleşige gatnaş” diýdiler.

Men hem gatnaşdym. Emma bäsleşikde ýer alyp bilmedim. Şondan soňra men modellik etmäge başladym. Şeýle-de men “Miss Charme” bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Soňra birnäçe seriallarda oýnadym we häzirki wagtda hem oýnamagy dowam edýärin. Şu güne çenli oýnan seriallarymyň ählisinde baş rollary ýerine ýetirdim. Häzirki wagtda hem aktýorlyk hem-de modellik edýärin.

Azatlyk Radiosy: Rena, sen mundan birnäçe aý ozal “Azerbaýjandaky modelleriň durmuşy” bilen bagly gepleşik taýýarlapdyň, bu tema barada gepleşik taýýarlamagyňa näme itergi berdi?

Rena Allahwerdiýewa: Ýagny, Sähra, sen özüň hem gowy bilýänsiň, sebäbi özüň hem ýaşlar gepleşigini taýýarlaýarsyň. Hepde-de bir sapar efire gidýän gepleşikde her sapar ýaşlary gyzyklandyrýan, biynjalyk edýän bir tema barada gürrüň etmäge, gürrüň gozgamaga synanyşýaryn. Azerbaýjanda ýaşlaryň modellik etmeklerine dürli garaýyşlar, olaryň öz ugry boýunça işlemek meselesinde käbir kynçylyklar bar. Şol sebäpden hem bu tema barada gepleşik taýýarlamagy makul bilipdim.

Meselem, Ilgar muny has gowy bilýändir. Mundan sanlyja ýyl ozal diňe bir gyzyň däl, hatda bir oglanyň hem öz maşgalasyna “men model” boljak diýmegi gaty kyn meseledi. Ýöne bu mesele, ýagny modellige bolan garaýyşlar, soňky ýyllarda gowulyga tarap üýtgeýär.
Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň öňki habarçysy we häzirki wagt talyp Rena Allahwerdiýewa.
Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň öňki habarçysy we häzirki wagt talyp Rena Allahwerdiýewa.
Bu ýagdaýyň Türkmenistanda nähilidigini bilemok. Ýöne bizde, Azerbaýjanda bu biznese bolan oňaýsyz garaýyşlar geçdimika diýip pikir edýärin. Meselem, häli Aýsel belläp geçdi, oňa dostlary-joralary “gaty gowy fiziki gurluşyň bar, model bolmaga mynasyp” diýipdirler. Edil şolar ýaly häzirki wagtda ýaşlar hem bu biznese we bu biznesde işleýänlere oňaýly garaýarlar diýip pikir edýärin.

Meniň pikirimçe, Hudaý birine 170-175 santimetr ýa-da ondan hem uzyn boý beren bolsa we fiziki gurluşy hem model bolmaga mynasyp bolsa, modellik bilen meşgullanmalymyka diýýärin. Sebäbi şeýle adamlara seretmegiň özi-de göze ýakymly.

Azatlyk Radiosy: Aýsel, sen ilkinji sapar öz maşgalaňa “modellik bilen meşgullanjak, model boljak” diýeniňde, olar muňa nähili garadylar?

Aýsel Baýramowa: Hawa, Azerbaýjan musulman ýurt bolany üçin modellere bolan oňaýsyz garaýyşlar heniz hem bar. Elbetde, mundan 10 ýyl öňki bilen deňeşdireniňde, ýagdaýyň has gowulaşandygyny aýtsa bolar. Hatda men hem modellik etjek diýenimde, ilki dogan-garyndaşlarymyň arasynda dürli garaýyşdaky adamlar peýda bolupdylar.

“Modellik etjekmi? Açyk egin-eşikleri geýjekmi?” diýip, garşy çykanlar hem bardy. Ýöne, muňa garamazdan, ejem-kakam meni goldady, hemişe meniň ýanymda boldular. Modellik etmäge başlanymdan 1-1,5 ýyl soň, dogan-garyndaşlarym hem meni goldap başladylar.

Meniň pikirimçe, işiňi professional görnüşde ýerine ýetirseň, muňa hiç kim garşylyk görkezmez. Dogan-garyndaşlarym hem meniň işimi professional görnüşde edýänimi görendikleri üçin soňundan garaýyşlaryny üýtgetdiler diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Ilgar, seniň modellik bilen meşgullanmagyňa maşgalaňda ýa-da dogan-garyndaşlaryň arasynda garşylyk görkezeni, oňaýsyz garaýyşda bolany bolupdymy?
Model we aktýor Ilgar Aliýew.
Model we aktýor Ilgar Aliýew.


Ilgar Aliýew: Näme-de bolsa, tapawutly ýeri, men erkek adam. Biziň jemgyýetimizde we musulman jemgyýetlerinde bu iş bilen zenan ýa erkek meşgullananda, olara bolan garaýşyň arasynda tapawut bar. Men maşgalama “men model boljak” diýenimde, olar hiç zat diýmediler. Sebäbi men öz pikirimi aýdanymda, men bu iş bilen meşgullansam hem musulman dinimize gabat gelmeýän zatlary etmeýärin.

Meselem, men podiuma diňe içki geýim bilen çykmaýaryn. Şol sebäpden meniň maşgalamda meniň modellik etmegim problema bolmandy. Ýöne bir zady belläp geçesim gelýär, häzirki wagtda modellik edýänlere garanyňda, meniň modellik etmäge başlan ýyllarym modellik biznesi bilen meşgullanýan gyzlaryň problemalary has köpdi, ilatyň garaýşy hem başgaçady.

Ýöne häzirki wagtda beýle däl. Indi adamlar “Fashion” telekanalyna, moda sergilerine hem tomaşa edýärler. Häzirki wagtda modellik edýänlere bolan garaýyşlar öňküsine seredeniňde has üýtgedi diýse bolar.

Azatlyk Radiosy: Aýsel, Ilgar, ikiňiz hem modellik bilen birlikde seriallarda hem oýnaýarys diýdiňiz. Siziň oýnaýan seraillaryňyz Azerbaýjan döwletiniň hemaýatkärliginde döredilip, döwlet telekanallarynda görkezilýän seraillarmy?

Aýsel Baýramowa: Ilgar, rugsat berseň, bu soraga men jogap bereýin. Hawa, biziň oýnaýan seraillarymyzyň ählisi diýen ýaly döwlet telekanallarynda goýberilýän seriallar. Öz adymdan aýtsam, edil häzirki wagtda hem biz täze bir serialy ýazga düşürýäris. Şol serial şu ýyl telewideniýede görkeziler. Şol serialda hem men baş roly ýerine ýetirýärin.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjanda modelleriň diňe modellik däl, başga işler bilen hem meşgullanmagyna näme sebäp bolýar?

Aýsel Baýramowa: Meselem, meniň aktýor bolmagyma, ýagny seriallarda oýnap başlamagyma modellik edýändigim sebäp boldy. Meniň pikirimçe, her bir model modelligi belli bir wagta çenli edip bilýär, ýagny 30 ýaşyndan soň modellik edýänleriň sany gaty az.

Dünýäniň islendik ýurdunda modeller diňe modellik bilen meşgullanman, onuň bilen birlikde aktýorlyk ýaly başga işleri hem ýerine ýetirýärler. Edil meniň durmuşymda bolşy ýaly, modellik etmeklik, modelleriň aktýor bolmagyna ýa-da başga bir iş bilen meşgullanmagyna sebäp bolýar.

Onda-da modelýerleriň sany gaty az bolan Azerbaýjan, Türkmenistan ýaly ýurtlarda her iki-üç aýda bir sapar moda sergileri geçirilýän bolsa, modelleriň başga bir iş bilen hem meşgullanmagyna zerurlyk döreýär. Meselem, men modellikden her aý ortaça 400 amerikan dollary möçberinde gazanç edip bilýärin. Şol sebäpden modeller bu iş bilen birlikde reklamada-da surata düşýärler, seraillarda hem oýnaýarlar.
Model we aktrisa Aýsel Baýramowa.
Model we aktrisa Aýsel Baýramowa.


Azatlyk Radiosy: Ilgar, sen bu barada näme pikirde?

Ilgar Aliýew: Aýseliň aýdanlaryna men hem goşulýaryn. Modelleriň ählisi diýen ýaly ilki modellik edip başlaýarlar. Soňra olaryň işleýän agentstwosynyň üsti bilen modellere serialdyr kinofilmlerde ýa-da reklamalarda oýnamak üçin teklipler gelip başlaýar.

Munuň sebäbi hem bütin ýylyň dowamynda ýa-da ömrüň soňuna çenli modellik edip bilmeýärsiň. Şol sebäpden, özüňiz hem bilýänsiňiz, Türkiýe ýaly serial döretmek pudagynyň baý bolan ýurtlarynda hem seriallarda oýnaýan aktýordyr aktrisalaryň aglabasy ilki modellik bilen meşgullanan ýa-da gözelllik bäsleşigine gatnaşan adamlardyr.

Azatlyk Radiosy: Rena, sen bu barada näme pikirde?

Rena Allahwerdiýewa: Azerbaýjanda Aýsel, Ilgar ýaly gaty owadan we görmegeý, fiziki gurluşy hem modellige mynasyp gaty köp ýaşlar bar. Emma ýurtda olaryň öz ugry boýunça işlemekleri üçin mümkinçlik ýok. Meselem, Türkiýedäki ýaly biznes ýok. Modeller professional görnüşde işleýärler. Emma olar gaty az gazanýarlar.

Munuň sebäbi hem näme? Sebäbi ýurtda bu ugur boýunça ösüş ýok. Ösüş bolmany üçin hem ýurtdaky bäş-alty sany professional modele hem az mukdarda pul töleýärler. Galyberse-de, ýurtda bäsdeşlik ýok. Meselem, biziň modellerimiz Türkiýede işleýän bolsadylar, olar has köp gazanç edip bilerdiler. Men 10 ýyl içinde Azerbaýjanda modellik bilen meşgullanýanlara bolan garaýyşlar nähili özgeren bolsa, öňümizdäki 5-10 ýylyň içinde model biznesi hem şonça özgerer diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Model biznesinde şuňa meňzeş problemalar Türkmenistanda hem bar. Türkmenistanda gözellik ýa-da görmegeýlik bäsleşiginde ilkinji orunlara mynasyp bolan ýaşlar soňy bilen o diýen göze ilmeýärler. Ýa-da eýýäm birnäçe ýyl bäri modellik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hem öz ugry boýunça edýän işleri örän çäkli bolýar, ýagny olar her iki-üç aýda bir sapar geçirilýän moda sergilerine ýa-da fotosessiýalara gatnaşýarlar. Modelleriň ýa-da gözellik, görmegeýlik bäsleşiginde üstünlige eýe bolan ýaşlaryň Azerbaýjandaky ýaly Türkmenistanda seriallarda oýnamak mümkinçiligi hem örän çäkli. Aýsel, Rena, Ilgar, siziň pikiriňizçe, Azerbaýjanda ýa-da Türkmenistanda modellik biznesiniň ösmezligine näme sebäp bolýar?

Ilgar Aliýew: Meniň pikirimçe, türki dilli döwletlerdäki bu problema ýurtda dizaýnerleriň, stilistleriň ýa-da modelýerleriň az bolmagy bilen bagly. Bir ýurtda tekstil pudagy ýok bolsa, şol ýurtda modellik biznesi hem emele gelip bilmez. Modelleriň modellik biznesi bilen meşgullanmagy üçin ýurtda modelýerler köp bolmaly diýip hasaplaýaryn.

Meniň pikirimçe, bu mesele boýunça [türki dilli döwletleriň arasynda] ady o diýen eşidilmeýän ýurt Türkmenistanmyka diýýärin. Sebäbi men şu güne çenli türkmenistanly ýekeje modelýeriň hem adyny eşitmedim, özüm hem tanamaýaryn. Edil şu problema Azerbaýjanda hem bar. Azerbaýjandan käbir meşhur modelýerler bar, ýöne olar hem işine görä däl-de, ady bilen meşhur diýip hasaplaýaryn. Sebäbi bu meşhur dizaýnerleriň döreden egin-eşiklerini başga ýurtlarda geýmeýärler. Olary diňe Azerbaýjanda geýýärler.

Azatlyk Radiosy: Ilgar, seniň pikiriňçe, bu biznesiň ösmegi üçin nämeler edilmeli?

Ilgar Aliýew: Meniň pikirimçe, bu biznesiň ösmegi üçin türki dilli döwletleriň arasynda “Fashion week”, ýagny moda hepdeligi geçirilse, gowy bolardy. Şol ýurda beýleki türki dilli ýurtlardan modelýerler, modeller çagyrylsa, uly göwrümli mahabatlandyryş işleri geçirilse, bu biznes öser diýip pikir edýärin. Şeýlelikde, biz, ýagny türki dilli döwletler hem öz modelýerlerimiziň egin-eşiklerini Ýewropa ýa-da dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýradyp bileris.

Edil şolar ýaly, bu “Fashion week”, ýagny moda hepdelikleri arkaly modellerimiz hem beýleki ýurtlarda-da meşhur bolardy. Ýöne, gynansak-da, häzirki wagtda türki dilli döwletleriň hiç biri hiç zat edenoklar. Türkmenistan öz içinde diňe öz modelýerleri we modelleri bilen işleýär. Azerbaýjan hem edil şolar ýaly, diňe öz içinde öz modelýerleri we modelleri bilen işleşýär.

Diňe Türkiýe bu ugurda öňe gitdi diýip bolar. Türkiýäniň hem Ýewropada hem-de dünýäde tanalýan modelýerleri, dizaýnerleri we stilistleri bar. Şol sanda Türkiýäniň modellik agentstwolarynyň arasynda hem Ýewropada tanalýanlary bar.

Azatlyk Radiosy: Aýsel, sen bu barada näme pikir edýärsiň?

Aýsel Baýramowa: Men hem Ilgaryň aýdanlaryna doly goşulýaryn. Biziň ýurdumyzda tekstil örän gowşak, modelýerler, dizaýnerler we stilistler o diýen öňdebaryjy bolmanlygy üçin biz häzirki wagtda şeýle ýagdaýda.

Azatlyk Radiosy: Siziň hem belläp geçişiňiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda we Azerbaýjanda modelleriň diňe öz ugry boýunça işlemekleri üçin o diýen mümkinçilikler ýok. Ýagny, Aýsel, Ilgar, ýaňy ikiňiz hem modellik etmek bilen birlikde seriallarda hem oýnaýarys diýdiňiz. Modelleriň diňe öz ugry boýunça däl-de, başga pudaklarda-da işläp bilmegi üçin başga haýsy pudaklaryň ösmegine zerurlyk bar?

Ilgar Aliýew: Azerbaýjanda serial düşürmek pudagy hem soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ösüp başlady. Ýagny, modelleriň seriallarda oýnamagy üçin soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda teklipler gelip, mümkinçilikler döräp başlady. Bu wagta çenli Azerbaýjanda hem modeller, edil Türkmenistanda bolşy ýaly, iki-üç aýda bir sapar geçirilýän moda sergilerine gatnaşýardylar ýa-da reklamalarda surata düşýärdiler.

Azatlyk Radiosy: Rena, sen bu barada näme pikirde?

Rena Allahwerdiýewa: Azerbaýjanda soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda serial pudagyna berlen üns modeller üçin hem peýdaly boldy. Ýeri gelende belläp geçsem, Azerbaýjanda bu pudak üçin uly mukdarda maýa goýum goýuldy. Ýagny, prezidentiň baştutanlygynda bu pudaga 5 million manat, ýagny 6 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýuldy.

Türkiýeden ýa-da beýleki ýurtlardan režissýorlar getirildi. Men bu pudaga berilýän üns dowam eder diýip umyt edýärin. Şeýlelikde modelleriň hem modellik, hem-de onuň ýany bilen aktýorlyk etmäge mümkinçiligi bolar.

Azerbaýjanyň serial pudagyna has köp üns berlip başlanmagynyň ýene bir sebäbi hem ýurtda türk seriallaryna tomaşa edýän ilatyň köpelmegi we çagalaryň aglabasynyň türkçe gürleşip başlamagy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu - ýurtda türk seriallarynyň täsirinden özüňi goramak üçin ädilen bir ädimdi. Ýöne bu ýagdaý hem modelleriň iş tapmagyna, hem-de iş orunlarynyň döremegine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG