Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Diri görkeziň" kampaniýasy dowam edýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri B.Şyhmyradow (Ç) owgan "Talybanynyň" uly resmisi Maulwi Wakeel Ahmad bilen duşuşyk mahalynda. Yslamabat, 26-njy ýanwar, 1999.
Türkmenistanyň daşary işler ministri B.Şyhmyradow (Ç) owgan "Talybanynyň" uly resmisi Maulwi Wakeel Ahmad bilen duşuşyk mahalynda. Yslamabat, 26-njy ýanwar, 1999.
Anna güni, 2-nji maýda Waşingtonda, dünýä ýüzünde azatlyga goldaw berýän Milli Demokratiýa fondunda 2002-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda günäli bilnen onlarça tussagyň ykbaly barada gürrüň edilýär.

Bu çäre «Olary diri görkeziň!» kampaniýasynyň guramaçylary, hususan-da Crude Accountability guramasy bilen bilelikde guralýar.

Mälim bolşy ýaly, «Olary diri görkeziň» kampaniýasy 2013-nji ýylyň aýagynda, ÝHHG-nyň Warşawadaky ýyllyk maslahatynyň geçýän günlerinde başlanypdy.

Şonda 25-nji noýabrçylaryň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenine 11 ýyl geçen hem bolsa, türkmen häkimiýetleriniň olar barada hiç bir maglumat bermeýändigi aýdylypdy.

Waşingtonda geçirilýän çäräniň bildirişinde 2002-nji ýylda boldy diýilýän kast ediş synanyşygy bilen ilteşiklilikde türmä basylan onlarça tussagyň hossarlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň maşgalasynyň bendiler barada indi 13 ýyl bäri hiç bir habar alyp bilmeýändigi aýdylýar.

Bu diňlenişikde panel ekspertleriniň öňünde Boris Şyhmyradowyň aýaly, žurnalist Tatýana Şyhmaradowa hem çykyş edýär.

Tatýana Şyhmyradowa Azatlyk radiosyna beren interwýularynyň birinde ilkiler olary boşatmagy talap etmeli diýip pikir edendigini, emma indi olar dirimi ýa däl, diňe şony bilmek isleýändigini aýdypdy:

«Men ozallar olary azat etmegi talap etmeli diýip pikir ederdim, biraz wagt geçenden soň olaryň täzeden sud seljerişligini geçirmegi talap etmeli diýip oýlandym. Indi hiç zat islämok, olar dirimi ýa diri dälmi, şony bilmek isleýän.»

«Olary diri görkeziň!» kampaniýasy şu ýylyň 14-nji fewralynda Wenada, ÝHHG-nyň edarasynda geçirilen diňlenişikde hem, biraz soň Birleşen Ştatlaryň Nelsinki komissiýasynda geçirilen brifiňde hem Türkmenistany 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy bilen bagly türmä basylanlaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyrypdylar.
XS
SM
MD
LG