Sepleriň elýeterliligi

"Deňsizlik ekstremizme ýol açýar"


Terrorizme garşy göreş boýunça türgenleşik, Owganystan, 2014.

Terrorizme garşy göreş boýunça türgenleşik, Owganystan, 2014.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Terrorizm boýunça ýyllyk hasabatyna” görä, Günorta Aziýa häzirki wagtda terrorizme garşy dünýä boýunça alnyp barylýan söweşiň öňdäki hatarlarynda galýar.

Çünki “Al-Kaýdanyň” Owganystandaky we Pakistandaky merkezlerine düýpli zyýan ýetirilen-de bolsa, bu guramanyň ýolbaşçylary regiondaky bukalgalaryndan hereket etmeklerini we Günorta Aziýanyň daşyndaky ýaran toparlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler.

Merkezi Aziýa bilen gatnaşygy bolan toparlar, aýratynam “Özbegistanyň yslam hereketi” we “Yslamyň jyhad bileleşigi”, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşynda hereket edýän hem bolsalar, [barybir bu ýurtlarda] agyr mesele döredýärler diýip, 2013-nji ýyl boýunça her ýurda aýratyn baha berýän bu hasabatda bellenilýär.

Resmi çäreler we halkara hyzmatdaşlygy

Döwlet departamentiniň hasabatynda Türkmenistanyň hökümetiniň kanuny goraýjy edaralaryň terrorçylyga garşy göreşmek ukybyny gowulandyrmak, serhet gözegçiligini berjaý etmek we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň üstüni açmak boýunça tagallalaryny dowam etdirýändigi bellenilýär.

Şol bir wagtda-da türkmen hökümetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen işleşmäge islegsizlik görkezendigi we “Terrora garşy ýardam” boýunça soňky üç ýylyň dowamynda hödürlenen kurslaryň bäşisinden diňe ikisine gatnaşandygy aýdylýar.

Şeýle-de, hasabata görä, türkmen hökümeti terrorizmiň we “dini ekstremizmiň” giň we kesgitsiz görnüşde düşündirilmegini ýöredip, ony ýurduň içinde käte başga pikirlilige garşy ulanypdyr.

Türkmenistanyň terrorizme degişli kanun sistemasy 2003-nji ýylda kabul edilen “Terrorizme garşy” kanuna esaslanýar. Üstesine, ýurduň Jenaýat Kodeksiniň 271-273-nji maddalary hem terrorçylykly hereketleri, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we terrorçylykly işlere baş goşanlary yzarlamagyň ugurlaryny kesgitleýär diýip, hasabatda bellenýär.

Ýurduň terrorizme garşy göreşi amala aşyrýan kanuny goraýjy edalarynyň jogapkärçilik we adam hukuklaryna hormat goýmakdaky kemçilikleri sebäpli olaryň ukybynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy nygtalýar.

Maglumata görä, Türkmenistan döwlet departamentiniň terrorizme garşy ýardam boýunça döwlet programmasynyň (ATA) partnýory. Şeýle-de Türkmenistan bikanun ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy Ýewraziýa toparynyň agzasy. Türkmenistanyň hökümet resmileri ÝHHG-niň sponsorlygynda serhet howpsuzlygy, maliýe terrorizminiň öňüni almak we terrorizme garşy göreşde adam hukuklaryny goramak boýunça geçirilen türgenleşiklere gatnaşypdyr.

Gözegçilik we howp

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň terrorizm barada ýyllyk hasabatynda Türkmenistanda kanuny goraýjy we howpsuzlyk gulluklarynyň ilata berk gözegçilik etmegine garamazdan, zorlukly ekstremistik ideologiýanyň ýaýramagyna getirip biljek esaslaryň bardygy aýdylýar.

Hasabatda belenişine görä, türkmen hökümeti koserwatiw yslama şübheli garaýar, garaşsyzlygyň başyndan bäri ýurtda metjitler we musulman ruhanylary döwlet tarapyndan maleýileşdirilýär. Döwletiň gözegçilik derejesi Türkmenistanda bolup biljek islendik zorlukly esktremistik toparlaryň kiçi, gizlin we gaýduwsyz bolup biljegini aňladýar.

Şol bir wagtda-da syýasy azatlyklaryň berk çäklendirilmegi, ykdysady deňsizligiň güýçlenmegi, ýaş adamlaryň arasyndaky ideologiýa boşlugy we korrupsiýanyň güýçlenmegi adamlaryň zorlukly ekstremizm ideologiýasy bilen gyzyklanmagyna sebäp bolup biler diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Terrorizm boýunça ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Bu ugurdan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Kongresiň Halkara din azatlyklary boýunça komissiýasyna beren ýyllyk hasabatynda goşmaça maglumatlar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG