Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Kabul: Sil joşgunynda bäş adam öldi


Owganystanyň ýerli resmileri ýurduň demirgazygynda sil joşguny netijesinde bäş adamyň ölendigini we başga-da ýüzlerçesiniň göçürilendigini habar berýärler.

Heläk bolanlaryň dördüsi 1-nji maýda güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde sil joşguny bolan Samangan welaýatynyň ýaşaýjysydyr. Ýaşaýjylaryň ýene biri goňşy Baglan welaýatynda ýogaldy.

Samangan welaýatynyň häkimi Haýrullah Anoşyň beren maglumatyna görä, sil joşgunyndan aman galmak üçin ýüzlerçe maşgala öýlerini terk edip başga sebitlere göçüp gidipdirler.

Iki welaýatdaky sil joşgunynda hem palçykdan ýasalan onlarça ýaşaýyş jaýy ýumrulyp, köçelere, ekin meýdanlaryna we mal-garalara zeper ýetdi.

Geçen aý Owganystanyň demirgazygynda güýçli ýagşyň ýagmagy netijesinde gelen sil joşgunynda 100-den gowrak adam ölüp, müňlerçesi hem öýüni terk edipdi.
XS
SM
MD
LG