Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan: Tire-taýpa lideri öldürildi


Pakistanda hökümet tarapdary tanymal tire-taýpa lideri nämälim ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürildi. Ol ýurduň resmileri tarapyndan durnuksyz Demirgazyk Waziristan sebitine ýolbaşçy edilip bellenilipdi.

Pakistanyň metbugatynyň nämälim hökümet çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Malik Kadir Han, onuň sürüjisi we janpenasy 1-nji maýda ýurduň Çaşma Pul sebitinde öldürilipdir.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Asly Madahel taýpasyndan bolan Han öňdebaryjy tire-taýpa liderleriň hataryndadyr. Ol hökümet resmileri bilen geçirilen ençeme maslahatda tire-taýpalara wekilçilik edipdi.

Pakistanyň Demirgazyk Waziristan sebiti ýurduň Owganystan bilen araçäginde ýerleşýän tire-taýpalar regionydyr. Bu sebitde söweşijileriň türgenleşik lagerleriniň we bileleşikleriniň ýerleşýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG