Sepleriň elýeterliligi

​Tatarystan: Operasiýada iki adam öldürildi


Russiýanyň Tatarystan respublikasynda geçirilen ýörite harby operasiýada söweşiji diýlip güman edilýän iki adam öldürildi.

1-nji maýda 38 ýaşyndaky Rais Mingaleýew we 35 ýaşyndaky Beslan Nazipow Tatarystanyň Çistaý şäherindäki garažy terk etmekden ýüz öwürip, ýurduň polisiýa işgärlerine we howpsuzlyk güýçlerine ot açypdyrlar. Gürrüňi edilýän harby operasiýada söweşijiler öldürildi we üç polisiýa ofiseri ýaralandy.

Tatarystanyň Içeri işler ministrliginiň 1-nji maýda beren maglumatyna görä, Mingaleýew we Nazipow 2012-nji ýylda Tatarystanyň paýtagty Kazanda amala aşyrylan hüjümlere gatnaşmakda güman edilýärdi. Gürrüňi edilýän bu hüjümde ýurduň müftisi Ildus Faizow agyr ýaralanyp, onuň öňki orunbasary Waliulla Ýakupow öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG