Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​BMG D.Koreýa çagyryş etdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzalary Demirgazyk Koreýa syýasy tussag lagerleri sistemasyny dargatmaga we adam hukuklarynyň depelenmegini bes etmäge çagyryş etdiler.

Bu çagyryş Birleşen Milletler Guramasynyň ýaýradan raporty gözden geçirilenden soň, geňeşiň diplomatlary tarapyndan 1-nji maýda Ženewada yglan edildi. Gürrüňi edilýän raportda Demirgazyk Koreýada adam hukuklarynyň “yzygiderli, giňişleýin we gödek bozulmalarynyň” amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Emma Demirgazyk Koreýa we onuň ýarany Hytaý bu tankytlary ret edip, BMG-niň raportynyň ýurdy “abraýdan gaçyrmak” üçin işläp taýýarlanylandygyny aýtdylar.

Britaniýaly diplomat Karen Pirs (Karen Pierce) Demirgazyk Koreýada “adam hukuklarynyň bozulmalary we adamzada garşy jenaýatlar jezasyz amala aşyrylmaga dowam edýär” diýdi.

Demirgazyk Koreýada 80 müň bilen 120 müň aralygynda syýasy tussagyň bardygy çaklanylýan raporty Phenýan ret etdi.
XS
SM
MD
LG