Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: Bu ýyl "uçurymlar" bolmaz


Orta mekdeplerde “soňky jaň” dabarasyna taýýarlyklar hem görlenok.

Orta mekdeplerde “soňky jaň” dabarasyna taýýarlyklar hem görlenok.

Şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “uçurymlar” bolmaz. Bu orta bilimiň taryhynda örän seýrek duş gelýän ýagdaý.

Ýurduň orta mekdeplerinde häzir ýylyň şu wagtyna mahsus “soňky jaň” dabarasyna taýýarlyklar hem görlenok. Ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşmak üçin taýýarlanýan okuwçylar-da ýok.

Türkmenistanda orta bilimiň okuw möhletiniň 12 ýyla ýetirilmegi bilen, şu ýyl 10-njy klasy tamamlaýan okuwçylar 11-nji klasa geçip, okuwlaryny dowam ederler. 11-nji klasdan soň olar mekdebi tamamlarlar. Orta bilimiň möhleti 12 ýyla getirilen-de bolsa, olar 12 ýyl okamazlar.

“Diňe geçen ýyl birinji klasa gidenler hem-de şolardan soň mekdebe gitjek çagalar doly 12 ýyly okarlar. Olardan öň mekdebe gidenler bolsa 11 ýyl okarlar” diýip, paýtagtyň orta mekdebiniň mugallymy Aýsoltan gürrüň berýär.

Döwlet mediasynda orta bilim möhletiniň dowamlylygynyň artdyrylmagynyň döwrüň talabyna laýyk gelýändigi, “häzirki döwrüň ýaşlarynyň döwrebap adamlar bolup ýetişmek üçin has köp maglumatlary bilmelidigi, onuň üçin bolsa köp wagtyň gerekdigi” yzygiderli nygtalyp gelinýär.

Soraglar

Emma bu ýagdaýyň, bir tarapdan, ýaşlara döwrebap bilim almaga mümkinçilik berjekdigi öňe sürülse-de, beýleki bir tarapdan, bu soňky wakalar ilat arasynda käbir soraglary hem döretdi.

Ilki bilen käbir ene-atalar çagalary mekdebi 17-18 ýaşynda tamamlasalar, soňundan olaryň bilimlerini ýokary okuw jaýlarynda dowam etdirmegine päsgelçilikleriň döräp biljekdiginden howatyr edýärler. Esasanam, bu ýagdaýyň oglanlara käbir kynçylyklary döretmeginiň ähtimaldygy aýdylýar.

“Olar, mekdebi tamamlap, bir gezek ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşyp bilýärler. 18 ýaşansoňlar, hökmany harby gulluga çekilmekleri ähtimal” diýip, şu ýyl ogly 10-njy klasy tamamalaýan ene-atalaryň biri Kakabaý aýdýar.

Şol bir wagtda-da şu ýyl mekdeplerde uçurymlaryň bolmazlygy öňki ýyllarda mekdebi tamamlan ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçiligini artdyrýar, sebäbi bu ýyl ýokary okuw jaýyna girmek isleýänleriň sanynyň azaljakdygy we munuň hem abituriýentleriň arasynda belli bir derejede bäsdeşligi azaltjakdygy aýdylýar.

Orta bilimiň möhletiniň uzaldylmagy bilen hökmany orta bilim ulgamynyň içki gurluşy hem üýtgedi. Mundan beýläk 1-4-nji klaslar aralygy başlangyç bilim, 5-10-njy klaslar aralygy esasy orta bilim we 11-12 klaslar aralygy bolsa ýörite ugurlar boýunça bilim berýän klaslar diýlip hasaplanýar.

Okuwçylar 11-12-nji klaslarda takyk, tebigy we ynsanperwerlik-durmuş bilim ugurlary boýunça okarlar. Şol bir wagtda hem orta bilim programmasyna täze predmetler hem goşuldy.

Dogrusy, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda orta bilim sistemasynyň möhletiniň üýtgedilişi ilkinji gezek däl. Ýatlap geçsek, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda orta bilimiň möhleti azaldylyp, ol 9 ýyla getirilipdi. Şoňra ol ýene-de uzaldylyp, 10 ýyllyk orta bilimine geçilipdi.

Türkmenistanda 1700-den gowrak orta mekdepler bolup, her ýyl takmynan 100 müň-e golaý okuwçy mekdebi tamamlaýar. Emma şu ýyl mekdeplerde “soňky jaň” kakylmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG