Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukrainada iki pilot öldürildi


Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýurduň gündogaryndaky Slowýansk şäherini gaýtadan yzyna almak üçin 2-nji maýda amala aşyrylan hüjümde iki dikuçarynyň aşak gaçyrylandygyny we pilotlaryň hem öldürilendigini tassyklady.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy başga bir pilotyň söweşijiler tarapyndan ýesir alnandygyny mälim etdi. Söweşijileriň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän operasiýalarda bir gozgalaňçy öldürilipdir.

Içeri işler ministri Arsen Awakow “Facebook” sosial ulgamyndaky sahypasynda beren maglumatynda hüjümleriň maksady girewine alnanlaryň azat edilmegini gazanmakdan we şäheriň administrasiýasynyň adaty görnüşde iş alyp barmagyny dikeltmekden ybaratdyr diýdi.

Slowýansk şäheri geçen aýdan bäri Russiýa tarapdary separatist güýçleriň kontrollygyndady.
XS
SM
MD
LG