Sepleriň elýeterliligi

Owganystanly Türkmenleriň Talyplar Bileleşigi 27-nji aprelde Türkiýäniň Stambul şäherinde ikinji ýyllyk gurultaýyny geçirdi.

Bu gurultaýda esasanam etniki türkmenleriň Owganystanyň gelejeginde oýnap biljek roly, eýelemeli wezipeleri we bu wezipelere olaryň taýýarlygy ýaly meseleler hakda gürrüň edildi.

Umuman Türkiýede bilim alýan owganystanly türkmen talyplaryny öz içine alýan bu gurama, 2007-nji ýylda Türkiýäniň Tokat şäherinde döredilip, guramanyň agzalarynyň arasynda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bar.

Guramanyň ýolbaşçysy Sahy Baýramly Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, guramanyň barha globallaşýandygyna garamazdan, onuň maksadynyň häzirki döwürde hereket edýän haýsydyr bir gurama alternatiw bolmak däldigini, onuň ýaly meseläniň ýakynda geçirlen gurultaýda hem resmi taýdan gozgalmandygyny aýdyp, "biziň ýeke-täk maksadymyz, owganystanly türkmenleri gelejege taýynlamakdan ybarat" diýdi.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG