Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda migrasiýa maslahaty bolar


BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy bilen Halkara Migrasiýa guramasynyň gurmaçylygynda, 23-24-nji iýunda Aşgabatda Halkara migrasiýa konferensiýasy geçiriler.

Bu habary «Trend» habar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp ýaýratdy.

Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde bu konferensiýa taýýarlyk duşuşygy boldy. Oňa BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýadaky regional kordinatory Bernard Doýle (Bernard Doyle) hem-de Halkara Migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa kordinatory Dijan Keserowiç (Dejan Keserovich) gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Halkara migrasiýa guramasy Merkezi Aziýada 1998-nji ýyldan bäri işleýär, Türkmenistanda bolsa 2005-nji ýyldan bäri hereket edýär.

Biraz öň Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlar edarasy bilen ýurtda raýatlygy ýok adamlaryň sanyny azaltmak boýunça hereket planyny işläp düzendigi habar berildi.

Türkmenistan 2011-nji ýylda üç müňden gowrak raýatlygy ýok adama raýatlyk berdi.
XS
SM
MD
LG