Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'NATO üçin aýdyňlaşdyryjy pursat'


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel (Chuck Hagel) 2-nji maýda Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy NATO ýaranlygy üçin «aýdyňlaşdyryjy bir pursat» diýdi.

"Orsýetiň hereketleri NATO-nyň gymmatyny örän açyk-aýdyň etdi" diýip, Heýgel Waşingtondaky Wilson merkezinde eden çykyşynda aýtdy.

Heýgel NATO agzalarynyň ählisiniň maliýe borçlulygynyň täzelenmegine çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary NATO-nyň ýewropaly agzalary özleriniň goranyş maýalaryny köpeltmeli, sebäbi Orsýet uzagyndan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky 28 döwletiň ýaranlygynyň maksadyny, kuwwatyny we ygrarlylygyny synaga salar diýdi.

"Biz bu mümkinçiligi elden bermeli däl we bu synagdan çekilmeli däl. Eger muňa hötde gelmesek, bizi ýowuz ýazgararlar” diýip, Heýgel aýtdy.
XS
SM
MD
LG