Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 5 ofiser öldürildi


Bagdadyň demirgazygynda janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde bäş sany polisiýa ofiseri wepat boldy.

Polisiýa resmileri 2-nji maýdaky wakanyň Dujaýl şäheriniň ýanyndaky barlag nokadynda, janyndan geçen bombaçy partlaýjy goýlan maşynyny ýaranda bolandygyny aýtdy. Şeýle-de bu hüjümde 6 adam ýaralanypdyr.

Dujaýl Bagdatdan 80 km demirgazykda ýerleşýär. BMG-niň hasaplamalaryna görä, geçen ýyl Yrakda, 8868 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG