Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 300 çemesi adam öldi


Owgan resmileri demirgazyk-gündogardaky Badahşan welaýatynda bolan elhenç ýer süýşmesi zerarly, 2-nji maýda çet-gyradaky dag obalarynda 300 çemesi adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Badahşanyň gubernatory Şa Waliulla Adeb (Shah Waliullah Adeb) pida bolanlaryň azyndan 10 metr galyňlykdaky palçygyň we gumuň aşagynda galandygyny aýtdy.

"Men olar diri galandyr öýtmeýärin" diýip, Adeb aýtdy.

BMG indi bu betbagtçylyk zerarly ýerinden göçürilen 4 müňden gowrak adamyň aladasyny edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG