Sepleriň elýeterliligi

Gündogardaky hüjüm dowam edýär


Ukrain esgerleri Andriwka obasynda, 2-nji maý, 2014.

Ukrain esgerleri Andriwka obasynda, 2-nji maý, 2014.

Ukraina ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistlere garşy harby operasiýalaryň 3-nji maý güni daňdan hem dowam etdirilendigini aýtdy.

Içeri işler ministri Arsen Awakow ukrain goşunlary Kramatorsk şäherini kontrol astyna aldy diýdi. «Biz saklanmaýarys» diýip, Awakow özüniň Feýsbuk sahypasynda ýazdy, emma başga jikme-jiklikleri aýtmady.

Kramatorsk Slowýanskä golaý ýerleşýär. Orsýetçi separatistler Slowýanskde 2-nji maýda jeňçilere garşy geçirilen harby operasiýa mahalynda Ukrainanyň iki dikuçaryny urup ýykdylar.

Ukrainanyň goranmak ministrligi 2-nji maýda, Slowýanskiniň golaýyndaky Andriwka obasynda agşamara bolan söweşde iki ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Ministrligiň websaýtynda orsýetçi separatistleriň Andriwkada ýaragly güýçlere hüjüm edendigi we şol ýere barylýan köprini baglamak üçin ýaşaýjylary, şol sanda aýallary adam galkany hökmünde ulanandygy aýdylýar.

Orsýete tarapdar toparlar ol obada graždan adamlardan hem heläk bolanlaryň bardygyny aýdýarlar.

2-nji maýda başga ýerlerde, ýangynda we Ukrainanyň Gara deňiz kenaryndaky Odessa şäheriniň köçelerinde orsýetçi we olara garşy toparlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda tüpeňlenip, onlarça adam öldi.

"Şeýle köp bimany ölüme we ýaralanmalara getiren zorluk we eden-etdilik düýpden kabul ederlik däl" diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsiniň orunbasary Mari Harf (Mariýe Harf) aýtdy.

Ukraina pitneçilige garşy geçiren ilkinji uly hüjüminde köp pitneçiniň öldürilendigini we ýaralanandygyny aýtdy.

Iş başyndaky prezident Oleksandr Turçinow bu operasiýanyň çylşyrymly bolandygyny, sebäbi pitneçileriň adam galkanlaryny ulanmagy sebäpli islenişi ýaly çalasyn hereket edip bolmandygyny aýtdy.

Kreml Kiýewiň harby hereketiniň iki hepde mundan öň krizisi gowşatmak barada baglaşylan Ženewa şertnamasyny «harap edendigini» aýtdy.

Waşingtonda prezident Barak Obama bilen german kansleri Angela Merkel, eger Moskwa özüniň ýykgynçylykly ädehedini derhal üýtgetmese, Orsýete garşy has berk sanksiýalaryň giriziljegini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG