Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada dartgynlylyk güýçlenýär


Odessa, Kärdeşler arkalaşygynyň binasy, 3-nji maý, 2014.
Odessa, Kärdeşler arkalaşygynyň binasy, 3-nji maý, 2014.
Hökümet güýçleriniň gündogardaky şäherleriň birnäçesinde hökümet binalaryny basyp alan orsýetçi pitneçilere garşy «antiterror» operasiýalaryny dowam etdirmegi bilen, gündogar Ukrainada dartgynlyk güýçlenýär.

3-nji maýda, hökümet güýçleri tarapyndan daşy gabalan Slowýansk şäheriniň daşynda çaknyşyklaryň bolandygy aýdylýar.

Mariupol we and Konstiantiniwka şäherlerinde hem atyşyklaryň bolandygy habar berilýär.

Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda iki günde 50-den gowrak öldi.

Gözegçiler Berline geldi

Ýewropanyň ýedi harby gözegçisi, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler ýesirlikden boşadandan soň, Berline gelip gondy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) gözegçiler topary 3-nji maý agşamy Berline geldi.

Germaniýanyň goranmak ministri Ursula won der Leýen (Ursula von der Leyen) özüniň «şeýle uly ýeňillik bilen dem alandygyny», «ol adamlaryň sag-man gelendigini» aýtdy.

Ol ýedi gözegçi we bäş ukrain harby ofiseri orsýetçi separatistler tarapyndan, Slowýansk şäheriniň golaýynda, 25-nji aprelden bäri goýberilmän saklandy.

Olar 3-nji maý güni irden, Kremliň wekili Wladimir Lukin ara goşulandan soň azat edildi.

Wideo: Krym tatarlarynyň protesti
Krym tatarlary, protest hökmünde, Bahar festiwalyny goýbolsun etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00


Odessadaky betbagtçylyk

Şu arada, 3-nji maýda Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow Odessada 2-nji maýda bolan söweşlerde ölen 40-dan gowrak adam, esasan orsýetçi separatistler üçin ýas yglan etdi.

Gara deňziň boýundaky port şäherde bolan köçe söweşleri Kärdeşler arkalaşygynyň binasynda dörän ýangyn bilen tamamlandy. Bu ýangyn, görnüşinden, jaýyň içine zyňlan ot bombasyndan dörän bolmaly.

«Antiterror» operasiýa

Başga ýerlerde, Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, olaryň güýçleri Kramatorsk şäherindäki howpsuzlyk gulluklarynyň edaralaryny yzyna aldy we gündogardaky orsýetçi separatistlere garşy hüjüm dowam edýär.

Ministrlik 3-nji maýda öz güýçleriniň şäheriň uçar meýdanyny, telewizion diňini hem yzyna alandygyny, şäheriň daşyndaky barlag nokatlarynyň ählisine kontrolluk edýändigini aýtdy.

Kramatorsk pitneçileriň berkidilen galasyna öwrülen Slowýansk şäheriniň günortasynda ýerleşýär we Içeri işler ministrligi onuň daşynyň ukrain goşunlary tarapyndan gabalandygyny aýdýar.

ÝHHG-nyň roly

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) telefonda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ukrain krizisi barada maslahat etdi.

Taraplaryň ikisi hem özleriniň ÝHHG-nyň bu ýerdäki dartgynlyklary azaltmaga kömekleşmekde has uly oýnamalydygy barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG