Sepleriň elýeterliligi

Täze türkmen syýasy partiýasynyň ýa-da hereketiniň peýda bolmanyna köp wagt geçdi. Şeýle bolansoň, Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Türkmen gullugy, Azatlyk radiosy maňa Akmuhammet Baýhanowyň täze topary, «Hereket» hereketi barada aýdanda, men bu täzelik bilen gyzyklanman bilmedim.

1990-njy ýyllaryň aýagyndaky we şu asyryň başyndaky türkmen oppozisiýa liderleriniň köpüsi henizem bar, olar häzir esasan Ýewropada ýaşaýar. Olaryň Türkmenistan baradaky beýanatlary, pikirleri ýa-da düşündirişleri Gundogar.org we Chrono-tm.org ýaly ýurt daşyndaky oppozisiýa saýtlaryndan başga ýerde kän göze ilmeýär.

Olar ümsüm oturmaýarlar, emma beýle gowy bilnip, tanalyp hem durmaýarlar.

Onsoň «Hereket» hereketi näme bolup biler, Baýhanow ony näme üçin şu wagt yglan edýär we, häzir Türkiýede ýerleşmek bilen, ol öz topary bilen beýlekileriň synanyşmadyk nähili işini edýär?

Baýhanowyň aýtmagyna görä, «Hereketiň» maksady türkmen halkyny Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň, Türkmenbaşynyň mirasyndan halas etmek bolup durýar. Nyýazow 2006-njy ýylyň aýagynda öldi, emma onuň hukuklary basgylaýjy, metbugatyň duşmany, jemgyýetçilik fondlaryny sowrujy hökmündäki mirasy, mirasdüşeri Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýeti astynda, henizem dowam etdirilýär.
Abdy Kulyýew, Moskwa, 2002 ý.

Abdy Kulyýew, Moskwa, 2002 ý.


«Hereketiň» döredilendigi baradaky habar Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýewiň ýogalan gününiň ýedi ýyllygyna gabat geldi, ol Türkmenistan garaşsyz bolandan bir ýyl çemesi soň Nyýazowyň režiminiň esasy opponentleriniň birine öwrülipdi.

Kulyýew Baýhanowyň esasy ruhlandyryjysy we ol türkmen we rus dillerinde beren interwýularynda öz toparynyň Türkmenistanyň režimine garşy durmakda Kulyýewiň ýörelgelerine eýerjekdigini gaýta-gaýta dile getirdi.

Baýhanow öz sözleri bilen aýdylsa, ol ýörelgeler «Türkmen halkynyň garaşsyzlygy üçin işlemegi, häkimiýetleriň halka garşy edýän jenaýatçylykly hereketleriniň, bigünä adamlaryň türmä basylmagynyň, jaýlary ýumurmagyň, adamlary emläginden mahrum etmegiň öňüni almagy» aňladýar. Kulyýew ýaly, Baýhanow hem özünde Türkmenistanyň prezidenti bolmak hyjuwynyň ýokdugyny aýdýar. «Kimiň öňbaşçy bolmalydygy maňa bagly däl, özüne kimiň lider bolmalydygyny halkyň özi çözer» diýip, ol Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şu ýerde men özümiň Abdy Kulyýewi tanaýandygymy ýaňzytmaly bolsam gerek. Men onuň bilen köp gürleşipdim. Onuň Türkmenistanda demokratiýanyň nähili görnüşde işläp biljegi barada öz pikir-garaýyşlary bardy, şeýle-de ol Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň gepleşik berýän ýurtlaryndaky wakalara yzygiderli syn edip, öz ýurdunda gaýtalap boljak üstünlikli zatlary gözleýärdi.

Gynansak-da, Abdy Kulyýew beýleki ýurtlardaky demokratiki modelleri Türkmenistanda nähili ornaşdyrmalydygy barada oýlanýan wagtynda Türkmenistandaky syýasy reallyklar üýtgeýärdi, Nyýazowyň hökümeti has repressiw häsiýete geçýärdi we ýurt izolýasiýa barýardy.

Baýhanow Kulyýewiň Türkmenistanyň syýasy ugruny üýtgetmek maksadyny amala aşyrmak üçin ýeterlik wagtynyň we pursatynyň bolmandygyny boýun aldy, ýöne ol Kulyýewiň Nyýazowa garşy ýurduň içinde işlemek isländigini hem ýatlatdy.

«Kulyýew 1998-nji ýylyň 17-nji aprelinde yzyna gelmäge synandy, emma ony Aşgabat aeroportunda tussag edip, döwlet agdarmagy planlaşdyrmakda aýypladylar. Ýöne bagty getirip, ol 20-nji aprelde, Nyýazowyň ilkinji we ýeke gezek Waşingtona resmi sapara baran güni azat edildi.»
Men türkmen durmuşy, diktatura syýasatlary, Türkmen hökümetiniň halka garşy alyp barýan repressiýasy barada öz türme tejribelerimden, tümlügiň içinden gaty kän zat öwrendim.”

Bu ýerde Baýhanowyň özi üçin sapak bolup biljek zatlar hem bar, sebäbi ol hem Moskwada Kulyýew bilen duşuşandygy sebäpli 2003-nji ýylda türmä basyldy hem bäş ýyllap Türkmenistanyň o türmesinden beýleki türmesine geçirilip saklandy.

Baýhanowy öz işiniň ähmiýetine, özüne we «Hereketine» garşy ägirt uly kynçylyklaryň garaşýandygyna garamazdan, Türkmenistanda özgerişlik döredip bilmek ukybyna ynandyran hem hut şol türme ýyllary boldy.

"Men türkmen durmuşy, diktatura syýasatlary, Türkmen hökümetiniň halka garşy alyp barýan repressiýasy barada öz türme tejribelerimden, tümlügiň içinden gaty kän zat öwrendim” diýip, Baýhanow aýtdy.

Emma Baýhanow dürli türmelerde özi ýaly adamlara hem gabat geldi. "Men ol ýerde [türmede] bolamda, köp adam meniň kimdigime, nähili adamdygyma göz ýetirdi. Mysal üçin, bir türmede meniň bilen 3500 adam bardy we beýleki tussaglaryň ählisi meni tanaýardy" diýip, ol aýtdy. "Indi ol adamlar azat, köpüsi şindi hem Türkmenistanda ýaşaýar.»

Baýhanow köp ýyl paýtagt Aşgabatda ýaşan hem bolsa, ol özüniň merkezi Mary welaýatyndandygyny, gündogardaky Lebap welaýatynda hem köp adamy tanaýandygyny aýdýar.

Baýhanowyň düşündirmegine görä, ol adamlaryň ählisi ýuwaşlyk we seresaplyk bilen «Hereketiň» ideýalaryny ýaýradýar. Özem ol syýasy pitnäniň Merkezi Aziýadaky gadymy görnüşlerini birini, poeziýany we edebiýaty öz pikirleriniň ulagy hökmünde saýlap alandygyny aýdýar. Akmuhammet Baýhanow saz çalyp, aýdym hem aýdýar.

Akmuhammet Baýhanow saz çalyp, aýdym hem aýdýar.


Baýhanow ýazan eserleriniň 10 tom boljakdygyny, olaryň köpüsini tussaglyk ýyllarynda ýa-da 2008-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli, türmeden boşan, emma Aşgabatda öý tussagy şertlerinde ýaşan döwründe ýazandygyny aýdýar.

Ol pikir ýaýratmakda has häzirki zaman serişdelerini ulanmaga hem garşylygynyň ýokdugyny, Türkmenistandaky tanyşlarynyň Azatlyk radiosynda edýän çykyşlaryny sypdyrman diňleýändiklerini we adamlara ýuwaşlyk bilen öz eşiden zatlaryny gürrüň berýändiklerini aýdýar. Emma ol adamlaryň diktator režiminde öz eşiden zatlaryny azat-erkin gaty köp adama ýetirip bilmeýändiklerini hem tassyk edýär.

Baýhanow diýseň agyr, deň bolmadyk söweşe girýär diýsek, oňa kembaha garaldygy bolar. Türkmenistanyň hökümeti üçin iň esasy wezipe hemişe öz-özüni saklamak boldy we bu şeýle bolup hem galýar. Onsoň bu ýurduň içinde mümkin bolan iň kiçijik howp hem uly duşmançylyk bilen garşylanýar.

Baýhanowyň we onuň «Hereketiniň» şu pursatdaky iň uly ähmiýeti, meniň başda hem aýdyşym ýaly, olar täze we Türkmenistany özgertmäge synanmakda hemmeleriň umydy elden bermändigini görkezýär. Hatda bir adamyň ýuwaşja aýdan sözleri hem beýleki birine ullakan umyt berip bilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG