Sepleriň elýeterliligi

"Siriýa himiki ýaraglaryny aýyrmaly"


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Siriýanyň galan himiki ýaraglaryny aýyrmagy özüne bagly diýýär.

Kerri bu barada 3-nji maýda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşdi.

Siriýa geçen ýyl Günbataryň harby zarbasyndan sowulmak baradaky halkara ylalaşygy esasynda 1300 tonna himiki ýaragyny aýyrdy.

Damask geçen awgustda Siriýanyň paýtagtynyň çetindäki pitneçilere garşy zarin gazyny ulanmakda aýyplandy.

Siriýa hökümeti himiki ýaraglaryny daşaryk çykarmak möhletlerini birnäçe gezek berjaý etmedi we halkara gözegçilerine galan himiki ýaraglarynyň söweş zerarly baryp bolmaýan ýerlerde ýerleşýändigini aýtdy.

Günbatar Siriýanyň lideri Başar al-Assady bu prosesi bilkastdan yza çekmekde aýyplaýar. Emma analitikler Damaskyň gündogarynda pitneçileriň güýçlenmegi himiki ýaraglary çykarmakda hakyky päsgelçilikleriň bardygyny tassyklaýar diýýärler.
XS
SM
MD
LG