Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Söweşlerde onlarça adam öldi


Gözegçilik topary gündogar Siriýada basdaş yslamçy pitneçi toparlaryň arasynda barýan agyr söweşlerde dört günde 62 söweşijiniň öldürilendigini aýdýar.

Britaniýadaky adam hukuklary boýunça Siriýa obserwatoriýasy bu söweşleriň nebite baý Deýr al-Zour welaýatyndaky ýüzlerçe maşgalany ýaşap oturan ýerinden gaçyp çykmaga mejbur edendigini aýdýar.

Bu söweşlerde «Al-Kaýda» bilen iltewli Nusra fronty we «Al-Kaýdadan» bölünen we Yrak yslam döwleti hökmünde tanalýan topar, Lewant çaknyşýar.

Iki yslamçy basdaş toparyň pitneçileri prezident Başar al-Assadyň güýçlerinden bile basyp alan territoriýalary üstünde oňuşman, bir-birine garşy aýlap söweşdiler.
XS
SM
MD
LG