Sepleriň elýeterliligi

Musulmanlaryň öldürilen ýerine goşun bardy


Hindistan, üç gün dowam eden zorlukly wakalarda 30-dan gowrak musulman öldürilenden soň, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Assam ştatyna goşun ýerleşdirdi.

Bu waka Hindistandaky parlament saýlawlary zerarly etniki we dini dartgynlyklaryň ýitileşmegi netijesinde bolýar.

Saýlawlarda hindi milletçi partiýasy «Bharatiýa Janata» ýeňjege meňzeýär. Polisiýa şu hepdäniň başynda bu zorluga Assamdaky Boda tiresiniň adamlarynyň jogapkärdigini aýtdy. Olar Bangladeş bilen serhetden migrasiýa eden musulmanlar.

Milletçi partiýanyň lideri, premýer-ministrlik ugrundaky bäsleşikde öňde barýan Narendra Modi geçen hepde, eger özi ýeňiş gazansa, Bangladeşden bikanun gelen migrantlaryň goşlaryny düwmeli boljagyny aýtdy.

Hindi saýlawlarynyň netijesi 16-njy maýda yglan edilmeli. Assamly saýlawçylar 24-nji aprelde ses berdiler.
XS
SM
MD
LG