Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýas tutulýar


4-nji maýda Owganystanda ýurduň demirgazygynda ýer süýşmesiniň pidasy bolanlaryň ýasy tutulýar.

2-nji maýda Badahşan welaýatynyň Aab Barik obasyny süýşüp gelen läbik tolkuny basdy. Ýogalanlaryň anyk sany belli däl.

Owgan resmileri 3-nji maýda azyndan 300 adamyň ölendigini tassyk etdiler. Ilki olar 2500 çemesi adamyň heläk bolandygyny aýdypdylar.

Tassyklanan maglumatlarda ölen adamlaryň başdaky görkezilişinden has azdygyna garamazdan, resmiler pida bolanlaryň sanynyň köpelmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Halas ediş toparlary 3-nji maýda diri galanlary gözlemegi bes edendiklerini aýtdylar. Owganystanyň Milli betbagtçylyklar departamenti bu töwerekde ýene ýer süýşmesiniň bolmagyndan ätiýaç edilýändigini duýdurdy.

Bu departament göçürilen maşgalalaryň 700-sini çadyr bilen üpjün edendigini aýtdy. Soňky hepdelerde Owganystanyň demirgazygynda agyr ýagyş ýagypdy.
XS
SM
MD
LG