Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söýünow: Men Orsýetiň täsiriniň artmagyna garşy


Türkmen oppozisiýasynyň wekili Halmyrat Söýünow, Praga, 5-nji maý, 2014.
Türkmen oppozisiýasynyň wekili Halmyrat Söýünow, Praga, 5-nji maý, 2014.
Soňky wagtlarda Orsýet postsowet ýurtlaryndaky täsirini barha artdyrýar, 2008-nji ýylda Gürjüstanyň bir bölegini basyp aldy, ýakynda hem Ukrainanyň Krym awtonom respublikasyny özüne anneksiýa etdi. Häzirki döwürde Ukrainanyň käbir beýleki böleklerinde hem rusparazlaryň alyp barýan hereketleriniň arkasynda Orsýetiň rolynyň bardygy aýdylýar.

Bu ähli wakalar 2014-nji ýylda daşary ýurt harbylarynyň Owganystany terk etmäge taýýarlanýan pursadyna gabat geldi. Bu wakalaryň ikisi hem Türkmenistany ýakyndan gyzyklandyrýar, sebäbi Türkmenistan hem postsowet ýurtlaryndan biri bolup, onuň Owganystan bilen hem 744 kilometr araçägi bar.

Eýsem türkmen oppozisiýasy Orsýetiň güýçlenmegine, onuň Türkmenistana ýetiräýmegi mümkin täsirine, şeýle-de 2014-nji ýyldan soň Owganystandan Türkmenistana abanyp biljek howpa we Türkmen hökümetiniň oňa garşy görýän taýýarlygyna nähili baha berýär?

Azatlyk Radiosy daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasynyň aktiw agzalarynyň biri, ençeme ýyl ozal sowet goşunlarynyň düzüminde Owganystanda gulluk eden we Türkmen esgerleri bileleşigine ýolbaşçylyk eden Halmyrat Söýünow bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:17:27 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG