Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň ulagyna hüjüm edildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýaragly adamlar NATO-nyň Owganystandaky harbylarynyň üpjünçilik serişdelerini daşaýan üç ýük ulagyna hüjüm etdiler. Bu wakada iki adam öldi.

5-nji maýda gürrüňi edilýän ýük ulaglara Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky Wazir Dhand sebitinde hüjüm edildi.

Bu sebitiň ýerli dolandyryş resmileriniň berýän maglumatyna görä, hüjümde iki sürüji öldürilip, başga-da ikisi ýaralanypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Ýöne mundan öň, şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talyban” hereketi öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG