Sepleriň elýeterliligi

​Gyrgyz aktiwistleri “GB”-ne garşy protest geçirdiler


Gyrgyzystanda hökümete degişli bolmadyk birnäçe gurama wekilçilik edýän 100 çemesi aktiwist ýurduň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine”goşulmagyna garşy protest geçirdi.

“Gyrgyzystan Gümrük bileleşigine garşy” atly hereketiň we “Reforma” hem-de “Demokratik bileleşik” atly partiýalaryň aktiwistleri 5-nji maýda Bişkegiň merkezinde ýygnandylar. Aktiwistler öz üýşmeleňinde Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmagy, onuň “syýasy we ykdysady garaşsyzlygynyň çäklendirilmegine” ýol açar diýdiler.

Bu aralykda gyrgyz premýer-ministri Joomart Otorbaýew 30-njy aprelde Moskwada eden çykyşynda Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky ýol kartasynyň “praktiki taýdan tamamlanandygyny” we onuň ýakynda bileleşigiň agza ýurtlary – Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan tassyklanyljakdygyny hem-de gyrgyz kanunçykaryjylary tarapyndan maslahat ediljekdigini aýdypdy.

Russiýa “Gümrük Bileleşiginiň” 2015-nji ýyla çenli “Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine” öwrüljekdigini we onuň Ýewropa Bileleşigi nusgasynda boljakdygyny aýdyp, gürrüňi edilýän bileleşige öňki Sowet respublikalaryny goşmaga synanyşypdy.
XS
SM
MD
LG